Paradise
21.08.2024 09:48
Ahmyr

Ýaz ýeline ýüzümizi ýuwardyk,
Leýlisaçlaň gujagyna gysylyp.
Ýygralygyň geçip bilmän ýüzünden,
Durmazdyk biz boýunlardan asylyp.

Gülki bilen günlerimiz gyzardy,
Şol wagtlar bagt bilen aşnadyk.
Ýüreklerde ýokdy gaýgy, aýralyk,
Ýokdy biziň arzuwlarmyz paşmadyk.

Seýilgähi yşgymyza bürärdik,
Oýnap ýören çagalara meýil edip.
Ýadyňdamy? «Oglum bolsa…» diýeniň,
Şonda neçün «Ikimiziň!» diýmediň?

Bir perişdäň gulagyna ilişdi,
Meni telim örtän, ýakan hyýalyň.
Şol günden soň men-ä gezdim dommaryp,
Senem bolduň bir bagtlyň aýaly.

Aýralyga dözüm etdik, ýaşadyk,
Sen ogul dogurdyň, men bolsa gussa.
Düýnden ýakymsyz ýel öwüsdi durdy,
Men seni ýatladym ýüregim gyssa.

Barybir aýňalyp bilmedim soňam,
Wah, neneň gyýanyň duýmadyň şonda!
Biz aşna dälmidik bagtymyz bilen?
Neçün «Ikimiziň!» diýmediň şonda?!

Aşyr Hanow
15
49
ilhano_va
7 Oktýabr 2024
Salam Jennet gowmy yagdaylaryn?
g_nva06
21 Awgust 2024
@flowers_, haa düşündim sag bol gelneje:)
flowers_
21 Awgust 2024
@g_nva06, leýlisaç diýip bag bar:)
g_nva06
21 Awgust 2024
Gowy manyly goşgy👍.. Leýlisaç näme diymek şony-da düşündirseñiz?!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.