flowers_
20.08.2024 21:26

Hasap we netije.

«Eý nebsim, iliñ gülküsini, ýañsylamasyny, arkadan edilýän we günibirin ýetirilýän ýalan-ýaşryk gürrüñleri ýatlap, ýüregiñe agram salyp, her bir zady hasaplap oturma. Matematikadan ussat adam hem, durmuş meselesinde köp halatda gömük adam bilen des-deñdir. Hiç wagt öz aklyña, ukybyña, başarnygyña, baýlygyña, tanyşlaryña, ýakynlaryña, gara güýjüñe bil baglap, gözsüz batyrlyga esaslanma, özgeleri kemsitjek, gaýgylandyrjak, hasrata batyrjak sözleri aýtma, öz bähbidiñi, göwün islegiñi, nebsiñi ileri tutup, ýaşyrynlyk bilen ikiýüzli hereket etme, iliñ-günüñ şowsuzlygyna begenme, hesretli gününe heşelle kakma!
Döwran diýmek, aýlanyp duran döwür diýmekdir. Wagty gelende durmuş her kime gülüp bakar, şonda düýnki tekepbirler, şu günki ulumsylar har bolar, aýagyñdan çakan garynjany mynjyradyşyñ ýaly, ol päliýamanlary pelegiñ özi pyrlandyryp goýberer. Şonuñ üçin her bir zady hasaplap oturma, ýokarda biri bardyr, ähli zady şonuñ Özi hasaplap oturandyr. Ähli zadyñ dogry netijesini hem Şol çykarýandyr. Sen bolsa hiç zat hasaplama, birden hasabyñy ýitirip, hem bulaşyp, hem ähli zady bulaşdyryp oturma!
Ähli zady öz pikirñe muwapyk getirjek bolup, dünýäni düñderäýme. Hasabyñda bärden gaýtsañ, köp zat gözüñe artykmaç görüner, köp zady alnyñdan aýrasyñ geler. Emma Hudaýyñ ýaradan dünýäsinde artykmaç zat ýok-da, ýerli-ýerinde goýulmadyk zat köpdür. Hasabyñda öte geçseñ, köp zady gaýtadan ýugurjak bolarsyñ, göwnüňe jaýlamak islärsiñ. Emma, hiç haçan döräli bäri togalak bolan Ýer şaryny dörtburç şekile getirip bolmayar!
Ähli zady Hudaýa tabşyr!
Hudaýyñ hasaby örän takdyrdyr!
Ol örän adyldyr!
Şonuñ üçin hem, eý nebsim, meniñ ýalñyşlyklarymy hem, ýagşylyklarymy hem hasaplap oturma. Adamyñ edýän her bir işi , isle ýagşylyk, isle ýamanlyk bolsun, edil her bir söwdagäriñ banka goýýan goýumy ýalydyr. Uzak wagt geçmänkä Beýik hasapçy ony birnäçe esse göterimi bilen bize gaýdyp berýär welin, biz öz hasabymyzyñ öteräkdigini ýa-da kemterdigini añlaýarys. Gel gowusy, hasapsyz ýaşap bolmaýan bu durmuşda diñe özümize gerekli zatlary hasaplap ýaşabereli. Iñ dogrusy hem şudyr.»


Rahmet Gylyjow.

23
227
flowers_
21 Awgust 2024
@smiling_, şodur, kelemsini çõwrersiñ sen oñ😂🤦‍♀️
flowers_
21 Awgust 2024
@smiling_, ýok😁, ikinji klas, tüweleme
flowers_
21 Awgust 2024
@smiling_, pozaydym menä, sagbol hazirlikçe😘
flowers_
21 Awgust 2024
@smiling_, nemerak bolsañam biljek õzi sen😂
sazsoft
21 Awgust 2024
@sazsoft, *başlanlarynda
sazsoft
21 Awgust 2024
Şeý diýsene!.. 😶 «Adamlar üýteýär - söýüp we söýlüp başlanmagynda». Geçdigi hem gutardygy bolsun! 😿
sazsoft
21 Awgust 2024
@garlawac, Maňlaýymy Käbäniň suratyna goýubam, Gurhana maňlaýymy diräbem aýdyp gördüm 1 hepdeden sähel öň. 😔
flowers_
21 Awgust 2024
@sazsoft, umytda bolsana goñşy, bizden kömek gerek bolsa aýt:)
sazsoft
21 Awgust 2024
@ATOMIC, Ýeke ýaşamok, ýalňyz ýaşaýan. Hawa, introvert men :)
sazsoft
21 Awgust 2024
@flowers_, Şu gezek göz ýumupdym welin... Göz ýummagam ýeterlik däl eken.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.