nurjemal_06
20.08.2024 11:13
Ÿaraşalymy

Sähel zady bahana edip durman,
Oñan bolup ÿörüs jañ etmän,görmän.
Bir-birege ogryn garaşyp ÿörmän,
Henizem giç dälkä ÿaraşalymy?

Ÿürege çekilen yoda yitmänkä,
Yşgymyza höwesimiz yatmanka.
Aramyza özge biri ÿetmänkä?
Henizem giç dälä ÿaraşalymy?

Sende-de,mende-de bar ol hötjetlik,
Eden arzuwmyza bile yetjekdik.
Yşk bilen älemi bagtly etjekdik,
Henizem giç dälkä ÿaraşalymy.

Sesiñ eşitsem yumşar öykeli göwün,
Senem eşitseñ çözüler kalpda düwün.
Ertire-de galma,habar al şu gün,
Henizem giç dälkä ÿaraşalymy.
4
17
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.