Düýşlerimde
Düşlediň.
Maňa heniz beýle ýakynlaşmadyň.
Sussupes ruhumyň keýpi göterler,
Taryplara ýuwan ýaly setirler,
Aradan aýryldy kilometrler.
Ädilmesiz ädimlerem ädilýär,
Alma ýaňaklardan posa gädilýär.
Gujagmy bezeýär Jennet jemalyň,
Tapyşdy taýyna teşne bu ýürek,
Ýüpek saçlaryňda taýýar ellerim,
Iň süýji lezzetden datdy leblerim,
Gelmegiňe kän garaşdym leglegim...
Çaýymyzy süýji gürrüňläp içdik,
Arzuwlardan ganat ýasanyp uçduk.
Gözleriňde mähir, dişiňde gülki,
Eliň aýasynda ýüregmiň mülki,
Men seniňki, sen meniňki.
Sensiz kalbym,
Ýarym göwün bir ýetim,
Dünýäm seniň bilen bolar büs-bütin.
Meýletin,
Bedenim terk etdi ruhum,
Uky ýarym ölmek dälmi ahbetin?!
Hanha saçyn ütüp otyr aýralyk,
Ar alyp bilmedi intizar edip.
Bagtyň çür başyndan aýak sallaýas,
Gaýgy-gussalaryň jaňyn almaýas.
Galgaýas,
Yşyklar bürän asmanda,
Nämeler bolmaýar ýürek islände.
Oýarmaň,
Sagadyň dili süýşmesin,
Küýsediňmi,
Düýşlerimde düşlediň!
© Süleýman Teķäýew