milaya_mm
17.08.2024 17:39
Eğer saňa ýetmän öläýsem birdan,
Aýt gawrymy has çuňrak gazsynlar.
Mazaryň üstüne mermer daş goýup,
Oýup-oýup bagtsyz diýip ýazsynlar.


Eğer bir gün şyňlamasa gulagyň,
Bu dünýäden ötenimi bilginiň.
Guramanka mazarymyň topragy,
Soňky gezek hoşlaşmana gelginiň.


Gelip ýuwaşjadan epseň dyzyňy,
Bir pursat ýatlasaň söýen ýigidiňi.
Diýersiň kim ýazar kim okap berer,
Soňlanmadyk söýgümiziň yzyny.

Men seredip gararyn ol gara göze,
Aýralyk perdesin alyp ýüzüme.
Şemal bolup saçlaryňy dararyn,
Eştsemde jogap bolmaz sözüňe...🍁



✍🏻🤷🏻‍♀️📃
15
54
ezizhan_hallyyew
18 Awgust 2024
Bolia 🙄
medik_
17 Awgust 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.