gunesh_
17.08.2024 14:09
Ykbal egne ýüklesede daglary.
Undup bolarmy ajap çaglary?
Meger mekdebiň beýik baglary
Meniň çagalygmy gizlän ekeni.

Bir ýerden özüme duşaryn öýdüp,
Düşen hallarymy bilmerin aýdyp,
Ynsan mekdebine gelende gaýdyp,
Şeydip öz-özüni gözlär ekeni.

Tanyş uly zalyň ugrundan ýöräp,
Synpyma ugradym endige görä,
Asyl bolup ýören zatlary gör-ä,
Onda oturanlar biz däl ekeni.

Mydam joşup duran genji-kändik biz,
Bir adama eýgererden kändik biz,
Aslynda-da düşünerden däldik biz,
Kitaplar köp dilde sözlär ekeni.

Öwrendik şu diliň ilki harpyny,
Öwrendik dünýäniň dürsin, galpyny,
Mugallymlaň uran her bir şarpygy
Telek ädimmizi düzlär ekeni.

Men sende duşupdym hak söýgi bilen,
Şol gün hemmelerden bagtlydym men,
Il-günden utanyp diňe içimden
Diyipdim "Ol meni söýýän ekeni"

Ýürekde söygüniň körän ýerleri,
Ilkinji goşgymyň dörän ýerleri,
Ýazan goşgymdaky şol setirleri
Men dälde şu mekdep düzýän ekeni.

Iň soňky gün, gaýgylary gizlärdik,
Ýylgyryp gussany bukup sözlärdik,
Bir-biregi aýralyga dözmändik,
Ýöne ýyllar bize dözýän ekeni.

Ilmyrat Babaýew
15
36
gunesh_
17 Awgust 2024
@wolf, 😊
wolf
17 Awgust 2024
Suraty haladym hemem azajyk gũlkim tutdy 😅👍🏻
Islam_Atayew
17 Awgust 2024
❤👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.