loona_girl
17.08.2024 08:35
Satyldyñmy onno bahañ gymmatdyr,
Sada adamlary gymmat satarlar.
Zanny ýamanlardan dașda dur,
Cünki satyp bilmeseler töhmet atarlar.


Aldandyñmy onno ýüregiñ akdyr,
Ak ýüregi gara ýürek halamaz.
Gaçgyn adam bolup adam dällerden,
Hakyky adamlar adam aldamaz.


Ezildinñmi onno gaty pes palsiñ,
Boş agaçlar beyik tutar baldagyn.
Sylagy hormaty bilmeýan bolsañ,
Seni beyik tutmaz beyik bolmagyñ.


Nebsimize haý diymegi bilmesek,
Dünyañ boş lezzeti özüne çeker.
Ählizatdan ilki adam bolmasañ,
Adamlykdan cykan bar zatdanam cykar.


Awtor: Kuwwat Ýazmuhammedow
9
16
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.