garlawac
16.08.2024 23:52

Ho-ol Güneşe seret!
Ol seniň alnyňdan öpesi gelýär,
Edil men ýaly.
Wi-iý...
Dilimden sypaýdy-da bu syrym.
Soňky wagtlar meň dilim —
Lakgyja dilim,
Pökgüje dilim,
Samrap ýören boldy islän zadyny,
Esasanam, seniň adyňy!

Muny çyn saýsaň-a,
Söýersiň belki.
Hikirdäp gülersiň ýalandyr öýtseň.
Ana, men ýene-de oýuna salyp,
Aýtjagymy aýtdym.

Parahat Batyrow.
15
103
ATOMIC
17 Awgust 2024
@garlawac, Gutlaýan👍 abraý bilen gutarmak nesip etsin. Daşarymy ýa içeri ýurtmy.)
ATOMIC
17 Awgust 2024
@garlawac, menem syrly gürläp biljek ekenim. Girdiňmi)
ATOMIC
17 Awgust 2024
@garlawac, 5de turup gideniňe degipdir öýdýän:)
ideallider
17 Awgust 2024
@garlawac, bildirmejek bolýaň gowyzat. Sen smailigi ýa ) belgini tas her teswiriňde ulanýaň, köp zatlary wirtualda hem bilip bolýar. Darygma.
ideallider
16 Awgust 2024
Soňky postlaryň azap-güzapla, sözleriň tikenli diňe maňadäl köplere, az online, gülkileriň ýasama, netije sende hemmetaraplaýyn krizis🙁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.