nurjemal_06
16.08.2024 23:10
Tymsal: Başgaça garaýşy ide

Köne bir gürrüňe görä, bir gezek ýarawsyz birini hassahananyň otagyna tigirçekli krowatda getiripdirler, otagda penjiräniň öňünde ýerleşen başga da bir hassa bar eken. Olar dostlaşypdyrlar, penjirä golaý ýerleşen kişi daşaryk seredip, daşky dünýäni täsin suratlandyryp, düşege örklenen ýoldaşyny uzak wagtlap güýmär eken. Ol garşydaky seýilgähde bolan ajaýyp daragtlar, ýapraklaryň şemala oýnaýyşlary bara da gürrüň berer eken, käte geçip gidýän ötegçileri ýoldaşyna jikme-jik suratlandyryp berer eken. Ýöne wagt geçip dur, düşe ge örklenen hassa bu gudratlaryň baryny öz gözleri bilen synlap bilmeýänligi üçin, gamgyn bolup başlapdyr. Ahyry ol dertdeş ýoldaşyny halaman ugrapdyr, soňra bolsa ýigrenipdir hem.
Bir gije penjiräniň öňünde ýatan hassa yzyny üzmän, gökdalak bolup üsgüripdir, üsgülewigine boglupdyr da, demi gelmändir. Ikinji kişi hatda lukmany hem çagyrjak bolmandyr. Irden ajaýyp görnüşleri suratlandyryp, dostunyň göwnüni göteren ol kişiniň ýogalandygyny aýdyp, onuň ýatan krowatyny hem otagdan äkidipdirler. Ikinji şobada özüni penjiräniň öňüne geçirmeklerini haýyş edipdir, nobatçy şepagat uýasy onuň krowatyny penjiräniň alkymyna süýşüripdir. Emma ol daşaryk seredende endam jany elenip gidipdir: asyl penjireden görünýän ýeke-täk görnüş tutuşlygyna kerpiçden örülen diwar eken. Täsin suratlandyrmalaryň ählisini onuň otagdaşy oýlap tapýar eken, sebäbi dostuna nebsi agyryp, onuň bu kyn pursadyny, sähelçe-de bolsa ýeňilleşdirmek isleýär eken. Ony beýle etmäge iteren akgöwünliligi eken.
Kitap: Öleñden soñ kim aglar 📘
Ýazyjysy: Robin Şarma ✍️
Dili: Türkmençe 🇹🇲
Pdf ün imo: 99363311664 📲
11
94
wolf
17 Awgust 2024
Pdf mugtmy onsañ 😁
Karaleva_
17 Awgust 2024
👍🏻🤍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.