Walt Disney Pictures studiýasy "Doňan ýürek 3" multfilminiň çykjak resmi senesini yglan etdi. Multfilmiň görkezilişi 2027-nji ýylyň 24-nji noýabrynda bolar diýip, Deadline neşiri habar berýär.
Elza bilen Annanyň başdan geçirmeleriniň dowamy baradaky gürrüňler baryp 2020-nji ýyldan bäri bardy, emma pandemiýa zerarly taslama soňa goýuldy. Geçen ýyl kompaniýa filmiň üçünji bölüminiň üstünde işleýändigini tassyklady.
"Doňan ýürek" (2013) we "Doňan ýürek 2" (2019) multfilmleri taryhda iň köp girdeji gazanan filmleriň hataryna girdi. Olaryň her biri 1 milliard dollardan gowrak gazandy.
Disney-yň ýolbaşçysy Bob Aýger şeýle hem studiýanyň "Gar Şazenany" ertekisiniň esasynda dördünji multfilmiň üstünde işleýändigini habar berdi.
Tmcars