Ýaponiýadan Jalimpa ady bilen çykyş edýän iki ýaşly Linn Takei aýdym-saz albomyny çykaran dünýäde iň ýaş aýdymçy boldy. Ol 2 ýyl 358 gün ýaşynda Nonsense makes Sense albomyny çykardy, bu albom dünýäniň birnäçe aýdym-saz platformalarynda elýeterlidir. Bu üstünlik hem oňa Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge mümkinçilik berdi.
Albomyň ähli kompozisiýalary gyzjagazyň ene-atasy tarapyndan “adamzadyň toparlaýyn aňsyzlygy” hökmünde häsiýetlendirilen “kosmiki dilde” ýerine ýetirilendir. Gyzjagazyň iň gowy görýän aýdymy “Dali Dali don don” diýlip atlandyrylýar.
Jalimpa alty aýda, heniz dil we aýdym-saz konsepsiýasyna düşünmänkä aýdym aýdyp başlady.
Gyzjagaz Seto-Naýkaý milli seýilgähiniň çäklerinde suratkeşler maşgalasynda önüp-ösdi. Onuň ene-atasy gyzynyň aýdym-saz zehinini görüp, onuň üçin saz ýazmaga başladylar we olardan albom düzdüler. Olar Jalimpanyň aýdym-saz ösüşini goldaýandyklaryny, ýöne onuň saýlamak erkinligini çäklendirmeýändiklerini bellediler.
“Diňe syn ediň we çagalara isleýän zadyny etmäge mümkinçilik beriň. Hemme çaganyň zehini bar, goý, ol daşyna çyksyn” – diýip, ýaş aýdymçynyň ene-atasy maslahat berýär.
Tmcars