Realme kompaniýasy dünýäde iň çalt bolan 320 Wt kuwwatly täze SuperSonic Charge zarýad beriş tehnologiýasyny hödürledi. Bu tehnologiýanyň kömegi bilen smartfona bary-ýogy 4 minut 30 sekuntda zarýad berip bolýar diýip, GSMArena portaly habar berýär.
Bir minutda batareýa 26%, iki minutda 50%-den gowrak zarýad alýar. Zarýad beriş tizligi boýunça öňki rekordy 300 Wt kuwwatly Redmi tehnologiýasy saklaýardy.
Realme-niň 320 Wt zarýad beriji gurluşy Pocket Cannon adyny aldy we 3,3 Wt/sm3 dykyzlyga eýe. Ol UFC, PD we SuperVOOC ýaly esasy zarýad beriş protokollaryny goldaýar. Gurluş smartfonlara we noutbuklara bir wagtda zarýad bermek üçin iki USB-C porty bilen üpjün edildi.
Häzirlikçe haçan we haýsy Realme smartfon modelinde täze ýokary tizlikli zarýad berijiniň peýda boljakdygy görkezilmeýär. Häzir brendiň smartfonlary üçin iň kuwwatly zarýad beriji GT seriýaly gajetlerde ulanylýar. Aýratynam, Realme GT3 dünýä bazary üçin 240 Wt kuwwatly zarýad beriji bilen ilkinji gurluş boldy. Zarýad beriji 4600 mA/sag sygymly akkumulýatory, takmynan, 9,5 minutda doldurýar.
Tmcars