dowranjan_m
16.08.2024 21:12

Sen maña näme üçin ir sataşmadyń?!

Du:şman nirde bolduñ ir baharlarda?

Saña çenli täleýime gargynyp,

Duşman boldum oña ir säherlerde.





Sen maña näme üçin ir sataşmadyň?!

Çekerdim-ä iliñ çeken näzini. Tutuş ömür boýy gözledim ahyr,

Sen deý arassa kan türkmen gyzyny




Sen maña näme üçin ir sataşmadyń?!

Güýz gülleri deýin açyldyñmy giç?!

Ya sen arşdan inen nur-ataşmadyň?!

Näzin ylham, mähriñ berýär maña güýç.





Sen maña näme üçin ir sataşmadyň?!

Dözmediñmi nowçalykda özüñ

'Herki zadyň öz wagty bar, sagady'

Diýip gaýta alawladýaň közümi.





Hiçden giç ýagşymy, ýa giçden hiçmi?

Manysyny bilmän, galýan azara.

Orta ýolda duşan eý, zalym peri

Nädip meni eýläp bildiň awara?!




Awtoryny bilemok .




D🤍G

13
73
sazsoft
17 Awgust 2024
"Orta ýolda duşan eý, zalym peri,
Nädip meni eýläp bildiň awara?! 🥴

Nädiiiiiip? 😫
ideallider
16 Awgust 2024
@XL-19, men seni tentek hasaplamok, gaýtam tentegi senden beýik hasaplaýan, ýa tersinemi bulaşdym özä😏
ideallider
16 Awgust 2024
@XL-19, onsaň 19-a aklyň çatman surata ýapyşýaňmy?🤔 Bir 22-li ýüzüňe 22-si bilen ursa nädersiň?
XL-19
16 Awgust 2024
uyat surat goymaney 🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.