İne saňa ýene-de bir sms,
"Altyn asyr" büdretmänjik ýetirer.
Bagyşla gijiräk ýazanym üçin,
Uklan bolsaň butnamanjyk ýatyber.
Ertir oka ýa birigün parhy ýok,
Geçirmeseň bolýa ony duşuňdan.
Emma bir bisähet baran hat üçin,
Galma süýji uky, süýji düşüňden.
Ahyr bir gün wagt tapyp okasaň,
"ýalta" dime on iki harp kemledim.
"Sen meni söýýäňmi?" diýen soragy,
Aýdyp bilmän SMS-e jemledim.
Utanjaňlyk dillerimi baglaýar,
Gör şonnada-da söýgi neneň hoşamaý.
Ýakynara MMS-em ugratjak,
"Meniň melhemim sen!" diýip düşünäý.
✍🏻🤷🏻♀️📃