flowers_
14.08.2024 21:13

O günler şeýle bir tiz geçdi ýa-da
Şeýlemikä bagtly günleň ykbaly?
O günler şeýle bir tiz geçdi göýä
Tüpeňden atylyp çykan ok ýaly.


Köňül - ganatlary gyrylan guş deý,
Uçmaga hiç ýana edenok meýil.
Ol ajaýyp günler şeýle tiz geçdi,
Üstümden garlawaç kölgesi deýin.


Häzir meň şeýle bir sussum pes,
hatda Aglara agy ýok, gülere gülki.
Ýatlamalar galdy o günler hakda,
Ýürek sende galdy, göwräm özümki.


Şol şat günler hasrat bolup bu beýnä
Guýulyp, aklym has goýalan ýaly,
Gezip ýörün bir ajaýyp düýş görüp,
Iň oňat ýerinde oýanan ýaly.

Atamyrat Atabaýew.

18
70
flowers_
14 Awgust 2024
@enes_∞, bir çäre tapylaýmazmyka.
flowers_
14 Awgust 2024
@olia, aýtmasana bu ýyl 3sany okuwçym bar🤕
flowers_
14 Awgust 2024
@ideallider, #F. Ýemilýanko:)
ideallider
14 Awgust 2024
@flowers_, "Agyryly ýeriňi bildirme, ýogsa diňe şotak urarlar"😁
olia
14 Awgust 2024
Tiz gecen zada kanikul😅
flowers_
14 Awgust 2024
Bildiriş işlemese gyzyksyz eken😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.