garlawac
14.08.2024 21:07

Yşkyň mertligine galýaryn haýran,
Söýgi gala bolup elmydam gorar.
Söýgim üçin şarpyk çalan gyz bir gün,
Sypar ýaňagymy hem ötünç sorar.

Söýýärin.
Ir-u-giç duşaryn oňa,
Gökdäki dilegim gowuşar ýerde.
Ýekelik derdinden saplanan ýürek,
Sataşar lezzetli täze bir derde.

Söýýän kalbym ýaly päk gijeleri,
Eziz maňa arzuw seçen ak daňlar.
Hiç wagt söýgüden gidýän däldirler,
Aşyklyk meýinden içen adamlar.

— Seýitmyrat Geldiýew.
19
93
olia
28 Awgust 2024
@garlawac, men bilyan oytyan haysydygyny😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.