Karaleva_
14.08.2024 20:26
Bu gün üstüm basym gam-gussam.
Yene gözüm ýaşly ýazdyrdy kyssam .
Ýer astynda ýatan gül ömrü gysgam.
Mähribanym kakam kuysedim seni .



Agşamky duyşumde bir zat anlatdyň .
Säher tursam sen yok ýene aglatdyň.
Jan Kyblam didaryna sergezdan etdiň.
Bu gün zar zar aglap kuysedim seni.




Päk bolup gezmegi aňyma guyduň.
Öwütleriň bilen öcmez yz goyduň.
Bar wagtyň oymuze sen uly toyduň.
Bahar ýazym kakam kuysedim seni.



Ýolda yzda görse ýakynym daşym
Mert oglusyň diýip sypalar başym.
Men perzendiň Çary döküp göz ýaşym.
Her adımde kakam Kuysedim seni .




Awtory : Çary Mahmudow.
18
18
tm_girl
14 Awgust 2024
😔👍....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.