PILOT👮‍♂️✈🛩
14.08.2024 17:43
Şahyr şahyrlygyñ çyn bolyan bolsa.
Sönüp ýanyp, yene sönüp yanyp git.
Ynsanlyk yazgydyñ cuñ bolyan bolsa
Gara ýere çümüp
Çykyp.
çümüp git.

Hem akyl ber hem iliñden akyl al.
Kitapdan dâl gara ýerden nakyl al.
Alan zadyñ demiñ bilen ýakyp al.
Soñ yenede ýeriñ süýdin emip git.

Dag ýoluna çöl ýoluna belet bol.
Dag ýolunda çat açmayan polat bol.
Çöl ýolunda tirkeş-tirkeş polat bol.
Teşne görseñ dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr müñ ýanylar öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitde geçiler.
sen öķüz deý ýele garşy zyñyp git

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al.
Ylgap baryp, saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal çuwal gülki al.
Soñ tapylar galan zady zyñyp git.

Dos paýlansa âber diyip gysganma.
Alañdan soñ gysgalma hem.gysgaltma.
Dileg etse gözleriñide gysganma.
Birin berde biri bilen oñup git.

Ha çaryk geý.
Ha çokay.
telpek geý
Parhy ýokdur geyseñ bolar erkek deý
Ýöne welin şypbyladama çepek deý.
Aýna gonçly âdik ýaly doñup git.

Sorasañ aýdaýyn kyýamat nedir
Erkekler ownasa kýyamat şodur.
Her başy telpeklâ goymagyn gadyr.
Bâş telpegi bir gynaja dañyp git.

Gözelligi
sor bagryña öýkeniñe.
Söýülseñ söý söýülmeseñ süýkenme.
Söýgi hem goşgydyr kişâ öýkünme.
Öz mâhriñi, öz közüñi goýup git.

Ýeñip ýaşa ahyrda ýeñ başda ýeñ.
Tomusda ýeñ ýazda güýzde gyşda ýeñ.
Söýgıñde ýeñ, gaýgyñda ýeñ, işde ýeñ
Bir oguldan ýeñilip hem ýeñip git.

Ýeñsin ogul, dil bilen dâl iş bilen.
señkâ göra has ýitirâk huş bilen.
Aýak dâlde, parasatly baş bilen.
Ýeñse ogul
gözüñ rahat ýumup git.
Gözüñ sürtüp merhum enâñ alnyna.
bir aglapdyñ indi beri aglama.
Öz balañy eliñ bilen jaýlama.
Nobatyñda mele ýere sümüp git.

Dünýâ gelmegiñde nobaty ýagşy.
ýene ölmegiñde nobaty ýagşy.
Men diñe bir zatda nobata garşy.
Dos öýünde islân wagtyñ gonup git.

Başarsañ köplügiñniçine garyş
Tanyşdan dost tutun ýatlardan tanyş.
Źiguliñ içinde gözleme durmuş.
Köplük bilen awtobusa münüp git.

Köpelsin öýüñde ýürekdeş myhman.
yarysy işçi bolsun yarysy dayhan.
Elbetde alymam şahyram hökman.
Üýşüp çaşyp çar tarapa eñip git.

Şeýle doslar bilen gezseñ bir sellem
Yetersiñ iñ uly matlaba çenlem.
Gadamyñ giñden ur.
Entekler ellem.
Hool öñdele... Yaş hakynda dymyp git.

Haly wagtyñ meñzemegin kilime.
Diri wagtyñ gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyñ öýkünmegin çilime.
Içi közli ojar ýaly sönüp git.

Ýene bir söz(Magtanmak dâl öwüt dâl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt dâl
Mele ýeriñ astyndada daş gyt dâl.
Bakylyk şoool:
Şol daşlara sıñip git.

KERIM.GURBANNEPESOW.
Beýik şahyr
💯👍
Goşgylaryñ aşygy.💗
12
18
alma___
14 Awgust 2024
👍👍
PILOT👮‍♂️✈🛩
14 Awgust 2024
🥰
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.