Karaleva_
14.08.2024 17:04
2024-nji ýylyň iýul aýynda El-Ninýo hadysasy bilen baglanyşykly 13 aýlap dowam eden global temperatura rekordlarynyň döwri tamamlandy. Copernicus gullugynyň maglumatlaryna görä, bu howa hadysasynyň tamamlanmagyna garamazdan, ählumumy maýlama dowam edýär diýip, Associated Press habar berýär.

Howa şertlerine düýpli täsir edýän El Ninýo hadysasy birnäçe aý ozal tamamlandy. Şeýle-de bolsa, geçen aýyň ortaça temperaturasy 2023-nji ýylyň iň gyzgyn günleriniň temperaturasyna ýetdi.
El Ninýo hadysasy, Ýuwaş ummanynyň ekwator böleginiň suwlarynyň üstki gatlagynyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýär we suw joşmasy hem-de gurakçylyk ýaly hadysalara sebäp bolýan, global howa şertlerine täsir edýär.
Klimatologlar atmosferadaky parnik gazlarynyň köpelmegi bilen ýüze çykýan global maýlamanyň global temperatura täsir etmäge dowam edýändigini duýdurýarlar. Temperaturanyň Pariž şertnamasy bilen kesgitlenen 1,5° C çäginden geçmegi, ekosistemalara, oba hojalygyna we dünýäniň ykdysadyýetine howp salýar.
Ozal Copernicus-yň gözlegçileri 2024-nji ýylyň 22-nji iýulynyň iň gyzgyn gün bolandygyny habar beripdiler.

Tmcars
18
43
gurbanspr
15 Awgust 2024
Hudaya sukur
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.