sabyrly
14.08.2024 11:58
Şäherde säher.
Daşarda tomus dur,
Kalbymda bahar.
Uka batan jaýlar açanok gözün,
Käbirleri bolsa, eýýämden oýa,
Aman örenine şükürler diýe,
Elin açyp, Kybla bakdyrýar ýüzün.
Tämiz howa bilen ýuwýaryn ýüzüm.
Ýüregim ýuwýaryn ýagşy niýete,
Saýlanyp bir çete,
Synlaýan söýüp.
Turuň kuwwatlanyň,
Aýňalyň diýip,
Kofe ysy gapylary kakyp ýör.
Irdenki ýygnaga jemlenen guşlar,
Seýil baglarynda aýak çekipdir.
Ulaglar başlady sesli gohuna,
Aladalar gaýyşyp ýör ýollarda.
Bir bölejik umyt ne hyýallarda,
Ýat tutan goşgusyn aýtýar ýadaman,
Başy göge ýeten ene guwanýar,
Ullakan ýürekli kiçi adama.
Özün aldap gelýär gije gözeli...
Öýüne howlukýar il barýar işe,
Gözi açyk halda, ýol çyralary,
Imrindi düýşe...

© Süleýman Teķäýew
23
37
medik_
14 Awgust 2024
❤️
flowers_
14 Awgust 2024
"Daşarda tomus dur, Kalbymda bahar"👍💜
gula
14 Awgust 2024
Govy goşgy👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.