awadan
14.08.2024 10:34
ABRAÝLY SÖÝGİ 1- NJİ BÖLÜM HEKAÝA
Bir kiçiräjik owada, Ýadigär atly oğlan ýaşaýardy onuň ejesi, kakasy ýok mamasy bilen, Bawasy bardy, ol öýüniň işlerine ýagny mal ekinçilik owaň işlerine bir özü ýetişerdi kiçiräk mahallary mamasy çörek ýapsa, dürtüp bererdi, Ýadygär, ýigirmi iki ýaşady. Ol owasyndan Sülgün atly gyzy gowy görýädi oň bilen duşuşýardy, emma iň geň ýeri ony hiçkim bilenokdy, bir günü Ýadygär Sülgüniň mal örkläp ýören ýerine bardy, örü meýdan gömgök otlara gaplanandy, depelikdâki ýekeje agajyň aşagynda bolsa owaň söýüşýän oğlan gyzlary görüşýärdi, Ýadygär gaşlary galyň kirpikleri gür gapgara gözlü orta boýly hordan gelen ýüzlü, gara saçly ýigitdi, Sülgün bolsa inçe gaşly uly gözlü akja, gaty ýuwaşja utanjaň gyzdy, Ýadygär gölesini kakyp oturan Sülgüniň arkasyndan bardyda Salam diýip gulagyna gürledi Sülgün içini çekip daş töweregine garanjaklady, Ýadygär ýylgyryp hiç kim ýok anykladym ýaňy diýdi, Sülgün ýylgyryp aşak bakdy, Ýadygär bilen Sülgün gürleşip durkalar aňyrdan Sülgüniň ejesi göründü, Ýadygär ony görüp aljyrap Sülgünüň çaltjak, malynyň birini boşadyp eline aldyda gygyran boldy, ejesini gören Sülgün aşak bakyp duryberdi Ýadygär gaşlaryny çytyp gygyryp dur, onýança ejesi gelip, heyt oğlan, nämâ gygyrýaň meň gyzyma , Ýadygär" alyň malyňyzy pagta atyzmyza geçipdir boşap, gowjalap kakmalyda diýen boldy, ejesi gürläp bilmän, malyna alyp körekden doýan bolsaň saňa otam berjek däl dur güne kakylda diýip, malyna garganyp otsuz ýerä batly urup kakyp dur, Sülgün assa ýuwaşdan yzyna garap gidip barýan Ýadygäre ogryn seretdi Ýadygär, gözüni gypyp ýylgyryp ol ýerden gidip galdy, Sülgüniň ejesi Bagtygül gykylykçy gepe gidegen aýaldy, adamsy bolsa çenden aşa ynanjaňdy onuň ady Aman dy Sülgüniň oğlan jigleri ve agasy bardy, agasynyň ady Mälikdi. Bir günü olaryň owasynda toý boldy, gyzlar bilen geçip barýan Sülgün Ýadygäriň ýanyndaky oglanlaryň deňine ýakynladylar, oglanlaryň arasynda Seýran atly oğlan Ýadygäre şu Aman agaň gyzy gaty owadan diýdi Ýadygär hm menâ Sonany owadan diýip hasaplaýan seret ýörüşüne diýen boldy Seýran aý gaty horlaý özem sarpişik ondana Geýik owadan gara bolsada diýdi oğlanlaň içinde Serdar atly oğlan gara diýen gepine kahkahlap güldü deňinden geçip barýan gyzlar birme bir yzyna seredip towa kellesinde iş bar öýtýân diýişdiler Sülgün Ýadygäre ogryn seretdi Ýadygär gözlerini güldürüp bolgusyz gülen dosdunuň omzuna kakyp bildirmân Sülgüne seredýärdi mundan oğlanlar bihabardy. Ertesi günü ýenede Sülgün mallaryny tokmagy bilen kakyp eşeğini hem kakdy yzyna öwrülse Ýadygär dur Sülgün" Ýadygär gaty gorkuzýaň meni diýdi, Ýadygär" şeýlemi diýip eline seredip utanyp duran Sülgünüň maňlaýyna maňlaýy bilen çalaja süsüp goýberdi Sülgün wâk diýip maňalaýyny üç barmagy bilen sypalap Ýadygäre seretdi Ýadygär " gülüp agajyň saýasynda oturup gelsene diýdi Sülgün ýuwwaşjadan ýörâp baryp durdy Ýadygär elini uzadyp gel otyr diýdi Sülgün elini bermân ýok näme aýtjak diýip aşak bakyp dur, Ýadygär ýaňy söze başlapdam weli aňyrdan Sülgüniň kakasy göründü, Ýadygär ýerinden turup ana gerek bolsa diýip ýylgynlaryň arasyna özünü atyp gaçyp barýar gyz kakasyny görüp gorkunjyna olam yzyndan ylgady, Ýadygâr baryp atyny münen wagty yzyndan Sülgünüň gelýänini görüp sen nâme üçün gaýtdyň diýse Sülgün näme

Dowamy bar
20
63
gula
14 Awgust 2024
Dovamyna garaşýasss
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.