Karaleva_
14.08.2024 00:52
Niderlandly uruş weterany Anton Notenbom aýakýalaňaç 175 günde 3 450 km ýol geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada NL Times habarlar portaly habar berýär.



Rekord amerikan Sent-Luis şäherinde (Missuri ştaty) 11-nji awgustda ýerli wagt bilen 15:00-da goýuldy. Mundan öň aýakýalaňaç iň uzak syýahat polşaly Pawel Durakewiçe degişlidi (Fransiýada we Ispaniýada 3 409,75 km).
Notenbomyň syýahaty 17-nji fewralda Kaliforniýadaky Santa-Moniki dynç alyş kenarynda başlady. Esasy maksat pyýada Los-Anjelesden Nýu-Ýorka ýetmekdi. Notenbomyň wekilleri onuň “doly tapdan düşendigini” we aýratynam “gyzgyn ýollardan” ejir çekýändigini belleýärler. Syýahatçynyň ugry boýunça häzir howanyň temperaturasy gündizine Selsiý boýunça 35 gradusa ýetýär.
Şeýle-de bolsa, 37 ýaşly Notenbom gazanylan üstünlik bilen saklanmak islemeýär we Nýu-Ýorka çenli ýene 1 700 km geçmegi meýilleşdirýär. Ol 2-nji noýabra çenli Taýms-skwere ýetmegi göz öňünde tutýar. Habarda niderlandlynyň haçan we näçe wagt dynç alýandygy görkezilmeýär.

Tmcars
20
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.