14-nji awgustda Aşgabat wagty bilen sagat 19:45-de seýrek astronomiki hadysa bolar. Mars we Ýupiter has ýakynlaşyp, biri-birinden 18,4 burç minudy aralygynda bolarlar.

575 million km uzaklykda boljak planetalar adamlar üçin biri-birine has ýakyn ýerleşýän ýaly bolup görnerler.
Soňky 1000 ýylda iň uly ýakynlaşma 1761-nji ýylda bolupdy. Adaty göz bilen seredeniňde şol ýakynlaşmada Mars we Ýupiter bir ýagty obýekt hökmünde görnüpdir. Indiki gezek bu ýakynlaşma 2348-nji ýylda bolar.
Bu hadysa Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň köp böleklerinde açyk asmanda adaty göz bilen görner. Moskwa planetariýasynyň wekilleriniň belläp geçmegine görä, awgust aýynda planetalar Sowur ýyldyzlar toparynda ýerleşýärler, olara ýarym gijeden tä daň atýança gündogar gorizontdan aşakda syn edip bolýar.
"Iki planetanyň ýagtylygyny we olaryň arasyndaky aralygy göz öňünde tutsak, bu ýakynlaşmany ýylyň iň gowusy diýip, hasaplap bolar"-diýip, TASS astronomlaryň sözlerini ýazýar.
Tmcars