seljuklybeg
13.08.2024 13:47
Diňe sarysy galypdyr

Günlerde bir gün Ependiden:
– Erik agajy nähili agaç bolmaly? – diýip sorapdyrlar.
Ependi:
– Ol agaç bir wagtlar ýumurtga getirýän agaç eken. Onsoň günlerde bir gün güýçli
doly ýagyp, ýumurtgalaryň agy gidipdir. Ine, şondan soň onuň diňe sarysy galypdyr.
Olary hem indi siz ol agaçda görýärsiňiz – diýip jogap beripdir.

*****
Aý söwdasyny edemok

Bir gün Ependiden:
– Bu gün aýyň üçümi ýa bäşi?– diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Men-ä bilmedim. Indi näçe wagtdyr, aý söwdasyny edemok – diýip jogap
beripdir.
******

Gözagyryňdan dynmasaň gerek!

Günlerde bir gün Ependiniň ýanyna biri gelip:
– Meniň gözüm agyrýar, näme etmeli? – diýip sorapdyr.
Onda Ependi:
– Gözüňi köwletseň gutularsyň – diýende, ol adam:
– Heý-de, gözi köwledip bolarmy? – diýipdir.
Onda Ependi:
– Ýakynda dişim agyrdy welin, men-ä sogurdyp zordan dyndym, senem gözüňi
köwledäýmeseň, o gözagyryndaň dynmasaň gerek – diýip, maslahat beripdir.

*******
Ependi we büreler


Günlerde bir gün Ependiniň öýüne büreler çozup başlapdyr. Ependi näderini
bilmän, öýüne ot beripdir. Özem daşyndan seredip duran, görse, öýi labyrdap ýanyp
duranmyş. Ol ellerini biri-birine urup «kah-kah» edip gülüpdir.
Adamlar:
– Eý, Ependi, nämä gülýärsiň? – diýenlerinde, Ependi:
– Öý ýandy. Büre bilen syçandan ahyry dyndym – diýipdir.


degismeler Ependi kitaby esasynda tayyarlandy
dowamy bar
19
175
flowers_
14 Awgust 2024
@Imissyou, ýok gelenokda, düýn täze wersiýa geçdim şondan soñ işlemedi, täze wersiýa geçmesem içeri girip bolman dur
flowers_
14 Awgust 2024
@Imissyou, bildiriş gelýami saña
flowers_
14 Awgust 2024
@Imissyou, 😂🤦‍♀️
flowers_
14 Awgust 2024
Hemme zatdan otlap dynyp bolýan bolsady😂👍
PILOT👮‍♂️✈🛩
14 Awgust 2024
düşnükli.🙂👍
Karaleva_
14 Awgust 2024
@PILOT👮‍♂️✈🛩, 👍🏻
PILOT👮‍♂️✈🛩
14 Awgust 2024
@seljuklybeg, bolya dos duşundim👋🙂
PILOT👮‍♂️✈🛩
14 Awgust 2024
@Karaleva_, bolya ynandym hou 🙂 dv mn gitdim.👋
seljuklybeg
14 Awgust 2024
Dayysy men
PILOT👮‍♂️✈🛩
14 Awgust 2024
gyzykly degişmeler😁😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.