awadan
12.08.2024 19:44
BİZİ EJEÑ AÝYRDY SÖÝENİM BOLAN WAKA SONY
diýdi we telefony Tawusyň ýüzüne öçürdi.

Bu ýagdaý Tawusa gaty agyr degdi ol näçe günler däli aklyndan azaşan adam ýaly bolup gezdi. Bu ýagdaýy ne ejesine aýdyp bildi ne-de kakasyna. Biz Tawus bilen çagalykdan bäri joradyk çagalar bagynda tanyşdyk. Mekdebi hem bileje tamamladyk. Birnäçe günläp men Tawusa jaň etdim emma onuň telefony öçürlendi.Ahyr okuwdan soň öýüne barmany makul bildim. Men şol gün öz joramy tanamadym.Ol okuwçy wagtymyz ýetmiş kilede daýaw owadan gyzdy men göremde bolsa öňümde bolsa kyrk kilede diňe süňk bilen ham bolup durdy. Hakykatdanam joramyň halyna dözmän agladym. Hemme bolan zatlary şol gün aýdyp berdi. Agzyndan düşürmän gaýtalaýan şol bir sözi men aklymda galypdyr "Bizi ejeň aýyrda Soýgulim ".Wagt hem giç bolupdyr men rugsat sorap öýe gaýtdym ýöne joramyň haly hiü ýadymdan çykmady.1hepde soň irden ajy habar bilen oýandym Tawus janyna kast edipdir. Mañada bu wakany Kemala aytmak galdy we o bigaýrat oglana jaň etdim -Hä joraň jaň etdirýämi aýt şoňa inni maňa onuň ýaly ýalançy gerek däl

-Yok maňa ol jaň etmezligi tabşyrypdyr ýöne saňa aýtmasam boljak däldi -Näme boldy durmuşa çykýamy aýt oňa bagtly bolsun tapdymy özi ýaly okuwsyzy -Bigaýrat namart görümsiz sen okuwlyda ine häsiýet bilen adamçylygyň bolda 0% -Hany boldy et gepi köpeltmäli näme aýtjak dyň -Tawus janyna kast etdi
-Hä

-Dogry eşitdiň Tawus janyna kast etdi.

diýdim Kemal agy gatyşykly ýalan ýalan diýip gygyrmana başlady. Soň bolsa sesli aglaýady ýaňy "bagtly bolsun"dýip pitçiňini atýan oglan häzir sesli aglaýady

-Ejeň bilen bileje hezil ediň inni inşallah geljekde diýän käriň eýesi bolarsyň diýdimde telefony öçürdim.

Tawusyň kakasy eden etmişi üçin bendilikde bolup günäsini ýuwupdy.Ol onuň ýaşlykdaky ýalňyşydy emma bu yalňyşyň bolgusyz adamlar sebäpli çagasynyň başyna ýeteninden olaryň habary ýok. Kemal maňa soň jaň edip Tawusyň haýsy gonamçylykda jaýlanandygyny guburyna baryp aýat töwir okamak ruhuna barsyn diýip sadaka bermek isleýändigini aýdyp jaň etdi. Men oňa joramyň ýatan ýerini aytmadym.Ony dirikä öldüren jenaýatçynyň baryp ony birahat etmäge haky ýokmyka diýip pikir etýän.

Bu waka Tawusyň ölüm sebäbi diňe maña we

Kemala aýandy. We bu syr gün günden içine

sygman has uly alada goýýa. Hiç kime aýdyp

bilnejegim sebäpli men hem şu Hazynam programmasyna ýazyp aýtmagy makul bildim.We ýene bir zady mälim edesim gelýä joramyň adyny gizledim başga at ulandym
yigirmi ýaşly gyzy gara ýere berenimize ýakyn wagtda iki ýyl bolup geçdi. Howwa gargyş gowy zat däl emma seni şu ýagdaýa salan namardy seň ahyň

tutsyn.Ýatan ýeriň ýagty bolsun Joram...

Awtor: Çaryýewa
Uns berip okanynyz ucin sagbolun.
17
58
aysham
13 Awgust 2024
Amin🤲
wolf
13 Awgust 2024
😔🤧👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.