ilhano_va
12.08.2024 16:37
Heniz saňa duşman ýaşap ýörşüme,
Duýulmanka artyklygyň,kemligiň,
Beýle mätäç hala düşmedik wagtym,
Has oglan mahalym,seniň kimligiň
tanamankam,
gyzlar meni söýmänkä,
Az bolsa-da,heniz duruka aklym,
Üýtgeşik aladam,arzuwym ýokka,
Oglantak kalbymda arman hem ahmyr
döremänkä,
ýöremänkäm ýanyňa,
Ömrüň sepgidinde,
hawa,ullakan
sepgidinde saňa gabat gelmänkäm,
Bagytlydymmykam?!

Seýitmyrat Geldiyev
19
51
Dark
12 Awgust 2024
,❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.