awadan
12.08.2024 12:37
BİZİ EJEÑ AÝYRDY "SÖÝENİM" (bolan waka)
Tawus bilen Kemal ikisi 9-njy synpda okaýan wagtlary tanyşdylar.Tawus täze telefon alyndy we täze belgi açdyrdy we IMO programmasynada täze ulanyp başlady.We biri yzygiderli goýýan suratlaryna ugratyardy. Bu ýagdaý Tawusyň ünsüni çekmäge başlapdy we bir gün biz sapakda wagtymyz Tawusa jaň geldi. Okuwdan soň jaň eden belgä yzyna jaň etdi we imo-danugratýan oglan bn şol gün tanşdy.Ol hem Tawus bilen deň emma harby mekdepde okayan eken.Tawusyn täze belgisini öň Kemalyň özi ulanyp soň hem ýapdyrypdyr.We IMO profilde goýýan suratlaryny görendigini hem Tawusy sulhy alandygyny aýtdy.Tawus bilen Kemal dost ýaly gürleşýärdiler.Soň bu dostluk söýgä öwrülip gitdi.Tawus orta mekdebi tamamlap okuwa girmedi ol synanyşjagam bolup durmady. Kemal bolsa öz ugry boýunça harby akademiýa girdi. Akademiýa giren ýyly gowy kösenipdiler telefon ulanmak gadagan bolandygy sebäpli gürleşip bilmän. Şeýlelikde o günlerem bile geçdiler bir ýylyň dowamynda bary ýogy alty gezek telefonda gürleşdiler. Kemal 1-nji kursy tamamlap 2-nji kursa geçende Kemal hem telefon ulanmagyň ugruny tapypdyr. Kemal 2-nji kursuny gutaryp dynç alyşa gelende ejesine söýýän gyzynyň bardygyny şoňa öýlenmek isleýändigini. Diňe gudaçylyga gidip ýaglyk daňyp goýmagyny okuwyny tamamlanyndan soň bolsa toý edip bermegini ejesinden haýyş edipdir. Emma ejesi garşy çykypdyr. Entek ýaşynyň kiçi digini yene bir ýyldan gudaçylyga gitjekdigini aýdypdyr. Emma Kemal 3-nji kursa geçeninden Tawusyň ejesiniň jorasy öz ogly Maksat üçin guda geldi ejesi bilen kakasy hem garşy bolup durmadylar emma Tawus

ejesine söýýäniniň bardygyny duydurmaly
boldy. Ejesi bilen kakasy ýeke gyzynyň göwnüni ýykmady.Ýazgül daýzany (ejesiniň jorasy) gyzym ýaş diýip gaýtardylar. Bu wakany Kemal eşidenden ejesine jaň etdi we ýene gudaçylyga gitmegi üçin ýalbardy. Ejesi hem ogluna dözmedimi ya halys ýüregine düşdimi Kemalyň aýdyşy ýaly Çarşenbe güni gudaçylyga diýip öýünden çykdy emma Tawuslara gelmedi.Ol gün Tawus bilen ejesi uzak gün gapyň kakylaryna garaşdy ýöne o gapy kakylmady.Agşam Tawus Kemala jaň etdi.

-Face

-How Tawusym

-Sen ejeň bilen bile adam oýnaýaňmy biz siziň oýnatgyňyzmy

-Yok dursana näme boldy düşünmedim ejem ýakymsyz bir zat diýdimi

-Ejeň bize gelmedi

-O nähili gelmedi

- Gelmedi

Tawusyň damagy doldy soňky sözleri ol zordan aýtdy we telefony öçürdi.

Kemal ejesine jaň edip näme bolanyna düşünjek boldy. Ejesi oňa Tawuslaň goňşularyna baryp sorandygyny olardan Tawusyň kakasynyň 5ýyl tussaglykda bolup gelendigini eşidip yzyna gaýdandygyny şo gyza öýlense Kemalyň geljegi bulaşjagyny işinde isleýän derejesine ýetip bilmejegini aýtdy. Tawusyň kakasy Kemalyň gaýyny boljak bolsa geçmişiniň arassa bolmagy gerekdi. Kemalyň eşiden zatlaryna kellesi gyzyp gaharyna Tawusa jaň etdi

-Alo

-Hä näme

-Näme üçin maňa kakaň ogurlyk sebäpli bäş ýyl azatlykdan mahrum edilenni bendilikde bolup gelenni öň aýtmadyň

-Bu saňa näme üçin gerek sen kakam bilen ýaşamaly dälä durmuşda

-Utanmadynmy maňa yalan sözlände

-Men saña näme valan sözledim Kemal
Șo bolýa

-Maňa sesini gataltma

-Maňa sen ýaly ýalançy gerek däl gerek däl düşündinmi
16
115
gulia_maksatmyradowna
12 Awgust 2024
@wolf, meňem😅
wolf
12 Awgust 2024
@gulia_maksatmyradowna, howwala ilki şol ýadyma dũşdi 😁
gulia_maksatmyradowna
12 Awgust 2024
@zumerret_, bilemok kimiň aýtýanyny ýöne bar şeýle aýdym🤷‍♀️😅
gulia_maksatmyradowna
12 Awgust 2024
@zumerret_, hawa eşdip göreňokmy😁
gulia_maksatmyradowna
12 Awgust 2024
@wolf, wi ýazypsyňa😅 senem
gulia_maksatmyradowna
12 Awgust 2024
Gyzyl diş ejeňden bolly🎶🎶 diýen aýdym eşdilýä
wolf
12 Awgust 2024
@Lilia_, aýalyñ kakasy bikanun hereket edeni bilen señ karýeraña zyýan etmegi sebãp boldy, bu dũzgũn diñe bizin ýurdumyzda şeýlemikã 🤔
wolf
12 Awgust 2024
@Lilia_, dogry, buña ýönekeý aýdamyzda ykbal, durmuş gũnãkãr ýöne aslyna seretseñ bu zatlara sebãp bolan hökũmet 🙁
Lilia_
12 Awgust 2024
Bu yerde diňe eje gunakar dalmila diyyan
Arslan_Alaýew
12 Awgust 2024
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.