Karaleva_
12.08.2024 12:30
12-nji awgustdan türkmen milli senenamasynda ýaldyrak döwri başlandy. Ol 40 gün dowam edýär. Şol döwrüň içinde ol özüniň yssy gündizleri, salkyn gijeleri bilen eýýäm öňde güýzüň ýetip gelýändigini ýatladýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu döwürde daýhan güýzlük ekinleriň ugruna çykýar, maldar mallaryň güýz gyrkymynyň aladasy bilen bolýar. Bu ýyl üçýyldyz döwründe aşa gyzgyn günler köp boldy.

“Ýaldyrak doganda, gündogarda daňdanlar görünýär. Ol adyndan belli bolşy ýaly, ýaldyrap, şöhle saçyp duran uly ýyldyzdyr. Göýä şu ýyldyzyň dogmagyna garaşýan ýaly, tebigatda dessine birnäçe üýtgeşmeler bolup başlaýar. Ilki bilen-ä, gijelerine howa salkynlaşyp, çyg düşüp başlaýar. Säher bilen ösümlikleriň ýapragynyň, öseriniň üstünde bulduraşyp duran çyg damjalary olara jan beren ýaly bolýar. Jöwzanyň bürüşdiren ýapraklary ýazylyp başlaýar.
Çarwalar ýaldyrak dogandan soňra, güýz gyrkymyna taýýarlyk görse, daýhanlar bugdaý ekjek ýerlerini tekizläp, suwaryp başlaýarlar. Elbetde, bu ýagdaýlar ildeşlerimiziň göwün küýsegini-de görkezýär. Ýogsam ýaldyragyň dogmagy bilen entek öňde yssy günler ýeterlik” diýlip, gazetde bellenilip geçilýär.

Ýaldyrak döwri 23-nji sentýabra çenli dowam edýär

Tmcars
22
63
gulia_maksatmyradowna
12 Awgust 2024
Irden negözelje howa bardy)
olia
12 Awgust 2024
Bizda bugun yagysham yagansyrady)
Arslan_Alaýew
12 Awgust 2024
👍👍👍
wolf
12 Awgust 2024
@Karaleva_, öýden çykman otyrsañ diýýãñmi 😁
wolf
12 Awgust 2024
Gyzgynlygam hiç, howa ýok sapsym zordan dem alýanhoo menã 🔥😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.