Öykünme däl Kerim agañ sözüne,
Ganly ýaş doldurma gara gözüne,
Bir gulak sal hassa şahyr sözüne,
Eý şum pelek aglatmagyn ejemi!
Kesele aldyrdym ýaşlyk döwrümi,
Men ýatyryn ejem çeker jebrini.
Aýtsana señ şu edeniñ dogrumy,
Eý keçpelek aglatmagyn ejemi!
Ömürleri ýakýañ göýä şem ýaly,
Agy sesi bir ölüme deñ ýaly.
Şu wagta çen agladanlañ kem ýaly,
Yeter artyk aglatmagyn ejemi!
Dynman aglap göz ýaşlary köl boldy,
Agysyna jiger bagrym köz boldy.
Her näçe ýalbarsam ýene az boldy,
Besdir indi aglatmagyn ejemi!
Keç ykbalym ele alyp bilmerin,
Elimde erkim ýok ölüp bilmerin.
Yañadan dünýäge gelip bilmerin,
Zalym pelek aglatmagyn ejemi!
Käbäm diýer: «Derdin özüm alaýyn,
Gal aýaga, men saýañda galaýyп»
Wah aglasañ nenen bagtly boloýyn,
Menin üçin aglatmagyn ejemi!
Çarhypelek aýlap dur öz çarhyny, Yamandan savgarman vagsvñ parhyny
Kerim Gurbannepesow