Karaleva_
11.08.2024 17:17
ScienceAlert ylmy neşiri “pagta süýji” diýlip atlandyrylýan seýrek genetiki mutasiýaly adaty bolmadyk leňňejiň tapylandygyny habar berdi. Alymlar bu mutasiýanyň 100 million lobsterden birinde duş gelip, onuň çanagyny mawy, benewşe we gülgüne pigmentleriň sazlaşygynyň özboluşly owadan edýändigini bellediler.

Bu leňňeji balykçy Jozef Kramer iýul aýynyň ahyrynda Nýu-Gempşiriň kenaryndaky duzaklarynyň birinden tapdy. Ol ondan öňem açyk gök reňkli leňňeçleri görüpdi, emma adaty bolmadyk reňbe-reň çanakly, ýalpyldawuk syrçaly keramika meňzeýän leňňeç has täsindi. Kramer leňňeji surata düşürdi, soňra suraty sosial torlarda paýlaşdy we ony öwrenmek üçin Kenarýaka ylym merkezine eltdi.
Akwariumçy Sem Rutka tutulan jandaryň özboluşlydygyny tassyklady. Şol bir wagtyň özünde, çanagy reňkli şular ýaly jandarlaryň, garyndaşlaryndan has owadan görünýändiklerine garamazdan, olara bähbitli däldigini belledi: olaryň ýyrtyjylara şam bolmak mümkinçiliginiň has uludygyny aýtdy.
Adaty leňňejiň çanagynyň ýüzi goňur bolup görünse-de, aslynda gyzyl, sary we gök pigmentlerden durýar. Genetiki mutasiýa käwagt bir pigmentiň beýlekisini basmagyna sebäp bolup biler. Gyzyl leňňeçler has köp dürli öwüsýär. Bu 10 million leňňeçden 1-de gabat gelýär. Şonuň bilen birlikde, mämişi, sary we köp reňkli leňňeçleriň gabat gelme ýygylygy 30 milliondan 1-inden - 50 milliondan 1-ine çenli üýtgäp biler.

Tmcars
17
36
ATOMIC
11 Awgust 2024
bu neý lan ⚜️👍👍🏻🌟👍👍🏻⚜️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.