Kaka, şu wagt ertir boldumy?
Eýýäm sagat gije 11-e golaýlap barýar. Eýýäm ertir bolup barýar.
Men welin henizem bu günki meýilnamamy dolamok. Yzda galan 23
sagat etmedik işimi (öz öňümde goýan gündelik meýilnamamy) bir
sagadyň çäginde bitirjek bolýaryn. Ýogsam meniň bu meýilnamamy
özümden başga bilýän hem ýok. Şeýle-de bolsa, özümden müýnür-
gäp, barmaklarymyň tizligini artdyrmaga çalyşýaryn. Sagadam haýal-
ladasym gelýär. Hyýalymda Londona gidip, ýene-de dört sagat pury-
ja aldym (Göwün aldawy-da, garaz). Sebäbi olarda (tomusda) ertiriň
bizden dört sagat giç gelýänligini eşidipdim. Gümansyratmak nämä
gerek, ol ýerde okaýan dostuma bir ýola säher bilen jaň etsem, ol
entek tünüň ýarynda ýedinji düýşüni görüp ýatan eken... Wagt gidip
barýar, gyssanmak gerek. Men ertiriň gelmegini näçe gijikdirjek bol-
sam hem, wagtyň bady haýallar ýaly däldi. Nähilidir bir güýç onuň
çarhyny has batly aýlaýan ýalydy...
Asyl meniň ýeke özüm şu günde eglenmek isleýän bolsam gerek.
Ertiriň tizräk gelmegini isleýänler bolsa köplük bolarly. Muny nire-
den bildim (ýagny çakladym) diýseňizläň, süýnüp ýatan ýerimden
haýdap ýazyp ýatyşyma ünsüm bölündi. Işläp oturan otagyma gyzym
girdi-de: «Kaka, çaý demläýinmi?» diýdi. Men başymy galdyryp, oňa
bir söz bilen «Ýok» diýip jogap bersem hem, edil şu pursat öň hem
bolup geçen ýaly, oýa batdym. Oňa dežawýu diýilýär (bu sözi fransuz
dilinden göni terjime edeniňde, ol «öň hem görlen» diýen manyny
berýär). Ýekeje sowal-jogap alşylar salymyň içinde täsin bir ýagdaý
bolup geçdi. Ýap-ýaňy hem sähelçe müddet säginmegi ýokuş gör-
ýän wagt birdenkä 6-7 ýyl yzyna aýlanan ýaly boldy. Otag, gapy...
garaz, hemme zat öňküligine dur. Emma gyzym kiçelip, ýaňy bir dil
bitenindäki hala bardy. Ynha, ol ukuly gözjagazlaryny owkalap, bo-
sagada dur. Ýene ol özüniň sowalyny berýär. Emma bu soňky gezek-
däki ýaly, çaý bilen bagly däl. Ertir bilen bagly: «Kaka, şu wagt ertir
boldumy?». Asyl men hälki «Ýok» sözüni hyýalymda aýdan ekenim.
Gyzym hem entek meniň jogabyma garaşyp duran eken. Şu halda
bir zad-a bolup geçdi. Ýa-ha sähelçe wagtlyk wagt ýitdi, ýa-da men
uklap-oýandym. «Ýarym sagatdan ertir bolýar, gyzym!» diýen joga-
byma ol aňk-taňk boldy. Sebäbi ol menden tapawutlylykda, 6-7 ýyl
mundan öň hem oňa edil şu jogaby berenligimi ýadyna salyp bilenok.
Onsoň men özümi ele aldym-da, giňişlikden häzirki pursada tarap to-
wusdym. Edil ýapdan böküp geçen ýaly, başga ölçege — bu kenara
düşdüm. Ýaňky aýdan sözlerimi häzirki pursadyň diline terjime et-
dim: «Çaý içjek däl, gyzym, ertire çenli ýazyp ýetişdirmeli zadym
bar, başlyk ýumuş tabşyrdy».
Gyzymyň şol sowaly — çaýly sowaly däl-de, ertirli sowaly nä-
me üçin berendigi anyk ýadymda däl. Belki, ertir bir ýaňa gezelenje
äkitmegi ýa-da nämedir bir zat alyp bermegi wada berendiris. Garaz,
onuň tizräk ertir bolmagyny isleýänligi-hä anykdy. Başga-da bahym-
rak ertir bolmagyny isleýänler, megerem, köpdür. Özüm hem köp ýo-
la isläpdim. Harby eşikli uzyn gije şöwür çekmeli bolanymda gün-
dogardan görünjek şapaga, kakamyň işden gelerine garaşyşym ýaly,
intizar bolan gezeklerim az-küş däldir. Nämedir bir zadyň haçan bol-
ýanlygyny soranymda, «Eeeertir» diýip jogap berlen gezekleri köp
bolupdy çagalykda. («E» harpynyň süýndürilip aýdylmagy meniň
şol wagtky sözlük gorumda köp wagty aňladýardy). Onsoň men ony
anyklaşdyryjy ikinji sowaly hem bermeli bolýardym. «Oňa çenli üç
ýatsak, bolýarmy eeeertir?» Garaz, şol «e»-leri azaldyp, «ertiriň» «şu
güne» öwrülmegini çynym bilen islän gezeklerim köp bolandyr…
Emma şu wagt welin ertiriň biraz eglenmegini isläp, haýdaýaryn. Ol
eýýäm ýetip gelýär. Gelse-gelibersin. Menem şu günki meýilnama-
myň ahyryna ýetip gelýän. Indi men muňa kaýyl. Bu gün üçin müýnürgemän biljek. Emma men başga bir günüň (31072002) welin ertire öwrülmezligini gara çynym bilen isläpdim. Ol gün men kakamy iň
soňky gezek görüpdim…