Sinhua habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Linsýa Global Geoparkynda dinozawrlaryň taryhda iň kiçi hasaplanýan aýak yzlary tapyldy.

Uzynlygy 1-3 santimetr aralygyndaky aýak yzlary güýçli ýagyşdan soň daşlaryň ýüzünde göründi. Şeýle yzlaryň jemi bäş sanysy tapyldy.
Alymlaryň pikirine görä, kiçijik dinozawrlar suwa ýakyn ýerlerde ýaşapdyrlar, muny yzlaryň golaýyndan tapylan suw guşlarynyň yzlary tassyklaýar. Şuňa meňzeş tapyndylar öň Hytaýyň dürli sebitlerinde, şol sanda Syçuanda we Şandunda, şeýle hem Günorta Koreýada tapylypdy.
Dinozawrlar muzeýiniň işgärleri “Linsýa” geoparkyna medeni we syýahatçylyk mekany hökmünde gyzyklanmany hasam artdyrýan bu tapyndylaryň ähmiýetiniň uludygyny bellediler. Soňky onýyllyklaryň dowamynda bu ýerde paleontologiki barlaglar üçin möhüm ähmiýete eýe bolan 2000-den gowrak dinozawr yzlary tapyldy.
Tmcars