Arslan_Alaýew
10.08.2024 09:16
Ejeňize til kakyň!


Gije sagat 12 bolmaga bäş-alty minut galanda sms geldi: «Häzir

sagat 12 bolar welin ejeňe jaň et-de, doglan güni bilen gutla, aglap

otyr!» Bu habaryň maňa ýalňyşlyk bilen ugradylandygyna meniň ba-

da-bat akylym çatdy. Çatsa-da çatdy welin, bu habaryň döreden pikir-

lerinden ýaňa kelläm çatlap ýarylara geldi. Telefon belgisindäki haý-

sydyr bir sany ýalňyş ýazylanlygy sebäpli, ýalňyş salga baryp gowşan

habar, göýä diýersiň, näbelli bir güýç tarapyndan iňňän dogry salga

ýollanan ýaly boldy. Eger-de bu habar häzir ähli adamzada ýollanan

bolsa, gör, nähili oňat bolardy! Eneler begençden ýaňa uçaýjak bolar-

dy. Ençeme eneler bolsa… ýok, bakyýa göç eýlän eneleriň ruhy bolsa

şat bolardy. Men bu habaryň ähli adamzada ýollanan bolanda, juda

gowy boljaklygy hakynda oýlanyp, hyýala çümüp oturmakden peý-

da bolmajagyna magat gözüm ýetensoň, «Ýeri, bu hyýalyň hakykata

aýlanmagy üçin sen näme etdiň?» diýip, özüme sowal berdim. «Bel-

ki, seniň hem bu habary birnäçe, has dogrusy, ençeme adama ýetirip

biljekligiň üçin ol hut saňa gelendir» diýip içimden bir ses — özüm

özüme jogap gaýtardy. Derrew galama ýapyşdym, ýok, bu leji çykan,

edebiýatda köp gaýtalanan pikir bolansoň, menem ulanaýdym, komp-

ýuterimi açdym-da, ýazmaga başladym…

Ejeňize til kakyň! Doglan güni bolsa, ony doglan güni bilen gutlaň.

Sebäbi şol gün bolmadyk bolsa, onda sizem bolmazdyňyz. Onuň ha-

lyndan habar alyň. Agzyňyzdan süýt ysy gitmedik bäbekkäňiz, «iň-

ňäläp», ukusyny harama çykaranlygyňyz üçin ötünç soraň. Şonda ol ýylgyrar. Siziň bäbek halyňyzdaky pursada dolanyp baran ýaly bolar.

Sizi akja arlykda ýatan päkize guşjagaz hökmünde alkyşlar. Oňarsa-

ňyz-a ýanyna baryp aýdyň aýtjak sözleriňizi hem-de onuň alkyşlary-

ny nagt alyň…

Ejeňize til kakyň! Ese-boýa galyp ugran wagtlaryňyzda hapalap ge-

len egin-başyňyzy, dyzanaklap ýyrtan jalbaryňyzy ýuwup-tämizläp,

tikip-çatyp, ertire taýýarjak edip goýanlygy üçin, munuň üçin uzynly

gijesini gydyrdanyp geçmeli bolanlygy üçin, sag bol aýdyň. Şonda

ol sizi eliňizden tutup, ilkinji gezek mekdebe alyp barşyny göz öňü-

ne getirer-de, ýylgyrar, hyýalynda özüniň gaýan akgaýma tahýasyny

siziň başyňyza geýdirer-de, «oglum, gyzym» diýip, siziň başyňyzy

sypalar. Oňarsaňyz-a şol pursatda aýtmadyk minnetdarlyk sözüňizi

ýanyna baryp aýdyň-da, onuň alkyşlaryny nagt alyň…

Ejeňize til kakyň! Belki, ol bu wagt Kerim Gurbannepesowyň «Ýaz-

masy agyr düşen goşgusyny» okap, oýurganyp, agyr oýlara batyp otu-

randyr. Belki, hut şu pursat şu ýazgylary okaýandyr-da, perzendiniň

şu tymsaldaky Baýazid Bistami ýaly bolmagyny arzuw edýändir:

«Baýazid Bistaminiň ejesine goýan hormatyny ýatlalyň. Garry ene

aýazly bir gyş gijesinde oýanyp, suw içmek isläpdir. Baýazid görse,

suw taňňyry boş eken. Daşaryk ylgap gidip, suw getirýänçä ejesi ýa-

ňadan uka giden eken. Başujunda eli suwly pyýalaly birnäçe sagatlap

gözüni gyrpman garaşyp durupdyr. Ýene oýanan ejesine elinde saklap

durşuna ýylap giden suwy uzadypdyr. Şol günki alan alkyşy-dogasy

Baýazid Bistamini welilik makamyna (derejesine) ýetiripdir».

Oňa mähremligiňizi duýduryň. Mekdepde, institutda käte mugal-

lymlaryňyzyň öňünde ýüzüni gyzartmaly bolanlygyňyz üçin ondan

ötünç soraň. Şonda ol siziň orta bilim hakyndaky şahadatnama, ýoka-

ry bilim alanlygyňyz baradaky diplom alyp gelen pursadyňyzy ýatlap,

size guwanar, buýsanar. Oňarsaňyz-a ýanyna baryp aýdyň aýtjak söz-

leriňizi hem-de onuň alkyşlaryny nagt alyň…

Ejeňize til kakyň! Hawa, meňk-ä bir ýatlatmak. Entek giç dälkä til

kakyň! Oňarsaňyz-a ýanyna baryp aýdyň aýtjak sözleriňizi hem-de

onuň alkyşlaryny nagt alyň… Ine, meselem, mende sizde bar bolan

bu artykmaçlyk ýok. Men şol hukukdan mahrum. Men diňe her an­na agşamy — şu agşam edişim ýaly, ejemiň… ruhuna bagyşlap aýat

okaýan. Meň ýagdaýymda bolsaňyz, onda, hiç bolmanda, sizem şeýle

ediň. Şonda onuň ruhy tirsegine galar.

Ejeňize…
20
144
gmvs
10 Awgust 2024
Örän gowy ýazypsynyz sag boluň
manolya
10 Awgust 2024
@smiling_, hawa seňki
manolya
10 Awgust 2024
@smiling_, geldi su wagt 🤦🤦
manolya
10 Awgust 2024
@smiling_, goysana ynanmadym 😁 sen gmailiňi ayt men yazayyn ,seňki gelmedi
manolya
10 Awgust 2024
@smiling_, başga zada ýazaý bolmasa nama giryan
manolya
10 Awgust 2024
@smiling_, gelmändir
manolya
10 Awgust 2024
@smiling_, gelse son jogap bererin isim cykdy,ýöredim
manolya
10 Awgust 2024
@smiling_, 😬 düzeltdima son gormedinmi
manolya
10 Awgust 2024
manolya
10 Awgust 2024
@smiling_, gmailiň bar bolsa meň bilen habarlaşsana ,bir zat sorajakdym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.