Ewanstondaky Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň professory Homan Mohseniniň ýolbaşçylygyndaky amerikaly we ýewropaly planetolog alymlar Marsy ýaşamaga ýaramly etmegiň täze usulyny teklip etdiler. Alymlar güýçli parnik täsirini döretmek üçin planetanyň atmosferasyna demriň ýa-da alýumininiň nanobölejiklerini goýbermegi teklip etdiler.
Bu amal Marsyň temperaturasyny 30 dereje ýokarlandyryp, polýar buz telpekleriniň eremegine we mümkin boljak kolonizasiýa üçin has amatly şertleriň döremegine sebäp bolup biler.
Munda atmosferanyň ýokarky gatlaklaryna galjak nanobölejikler ýagtylygy we ýylylygy yzyna serpikdirip, uzak wagtlap howada galar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, hatda az mukdardaky nanobölejikler hem Marsyň temperaturasyny ep-esli ýokarlandyryp biler. Mundan başga-da, nanobölejikler ýerli çeşmelerden göni planetanyň üstünde öndürilip bilner.
Alymlaryň pikirine görä, bu tehnologiýany ulanmak Marsyň kolonizasiýa taýynlanmagy üçin zerur wagty we serişdeleri azaldyp biler. Barlagyň netijeleri Science Advances žurnalynda çap edildi.
Tmcars