Serbiýaly tennisçi, 24 gezek “Uly tuwulganyň” çempiony we dünýäniň ikinji raketkasy Nowak Jokowiç Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda gazanan baýrak puluny haýyr-sahawat işine sarp etmek kararyna geldi. Bu barada “Kurir” neşiri habar berýär.
Jokowiç ýeňiş gazanany üçin Serbiýanyň hökümetinden 200 müň ýewro almaly. Bu mukdar ýurduň ähli olimpiýa çempionlary üçin kesgitlenipdi. Jokowiç Olimpiýa oýunlarynyň finalynda ispaniýaly Karlos Alkarasy 7:6 (7:3), 7:6 (7:2) hasabyna ýeňdi, bu bolsa oňa karýerasyndaky ilkinji Olimpiýa altynyny gazanmaga mümkinçilik berdi. Ondan öň tennisçi 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal gazanypdy.
Şeýle hem Jokowiçiň Olimpiýa oýunlaryndan soň dynç alşy uzaltmak kararyna gelendigi barada habar berilýär. Türgen 12-nji awgustdan 19-njy awgust aralygynda Sinsinnatide geçiriljek “Masters” seriýaly ýaryşdan çekildi. Ýaryşyň esasy oýnunda onuň ýerine fransuz Jowanni Mpetçi Perrikar çykyş eder.
tmcars