zumerret_
09.08.2024 14:00
Aýakgap, adamlaryň aýaklaryny rahatlandyrmak we goramak üçin döredilen durmuşyň elementidir. Aýakgap bezeg we moda elementleri hökmünde hem ulanylýar. Aýakgabyň dizaýny wagtyň geçmegi bilen we medeniýetden medeniýete dürli-dürli bolup üytgapdir , köplenç onuň oňaylylygyna we cydamlylygyna esaslanypdyrlar. Ynsan aýagy dürli ýerlere we howa şertlerine uýgunlaşan hem bolsa, olar goranmaga matacdirler.

Ilkinji aýakgap haçan oýlanyp tapyldy we ulanyldy?

Iň gadymy aýakgap takmynan takmynan b.e.öň 7000 ýa-da 8000-nji ýyllara degişlidir. Bular 1938-nji ýylda ABŞ-nyň Oregon şäherindäki Fort Rok gowagynda tapylan adaty gabyk sandallarydy.

Dünýädäki iň köne deri ayakgaplar sygyr derisinden yasalyp olar bitewi bir deriden yasalyp arkasynda bagjygy bolan aýakgap, 2008-nji ýylda Ermenistandaky Areni-1 gowak toplumynda tapyldy. miladydan öňki 3500-nji ýyla degişlidir.Miladydan öňki 3300-nji ýyllara degişlidigi öýdülýän goňur aýy aýakgaplary, deriniň bolegi we aýagyna berk ýapylan agaç gabygy ýüpi bardy. Bu köwüş 2006-njy ýylyň awgust aýynda tapyldy: Arheologlar bu deri köwşüň 1100- 1800 yyllar aralygynda ýasalandygyny çaklaýarlar we bu galyndy Skandinawiýada ýüze çykarylan iň köne aýakgap stilidigini görkezýär.

Aýakgap mundan has öň ulanylan bolmagy mümkin diýip pikir edilýär, ýöne aýakgapda ulanylýan materiallar gaty çalt zaýalanýanlygy sebäpli, iň irki aýakgaplaryň subutnamasyny tapmak kyn.

Ilki bilen beýik ökjeli aýakgap haýsy maksatlar üçin ulanyldy?

Beýik ökjäniň aslynda diňe erkekler üçin ýasalandygyny görkezýän gözlegler bar.
Onýyllyklaryň dowamynda beýik ökjeli aýakgaplar aýratyn sebäplere görä dünýäniň dürli künjeklerinde erkek esgerleriň, aristokratlaryň we hatda korollyklaryň aýaklarynda öz ornuny tapdy. Beýik ökjeli aýakgaplaryň gelip çykyşy XV asyrda Parsdan gözbaş alýar, bu ýerde esgerler aýaklaryny üzeňňa ( at münilende ) berkitmekde kömek etmek üçin geýýärdiler.

Internet sahypalaryndan toplan we terjime eden: Zumerret_
18
175
ATOMIC
9 Awgust 2024
@zumerret_, telefondan galery-dan
ATOMIC
9 Awgust 2024
@zumerret_, indi nähili
ATOMIC
9 Awgust 2024
@zumerret_, dogry gyşarypdyr
ATOMIC
9 Awgust 2024
@zumerret_, öňküsi ýaly ýalpyldanok😁
ATOMIC
9 Awgust 2024
@zumerret_, öýkelänok dämi, suratyň öňküligi ýok😁
ATOMIC
9 Awgust 2024
aýlanyp dolonyp ýene öňki suratyňa gaýdyp geldiň
ideallider
9 Awgust 2024
@Islam_Atayew, biri gaharyňy getirse depersiň, köwşüň hapalanar👍
gokgi
9 Awgust 2024
Ilkinji ökjeli aýakgaby bir korol (ady ýadyma dùşenok) boýy gysga bolany üçin ýasadypdyr diýip okapdym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.