Tokioda iýuldaky yssy sebäpli 120 adam gurban boldy.
Ýaponiýada geçen iýul meteo-synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy aý boldy. Gün urmasyndan hassahanalara müňlerçe adam ýerleşdirildi diýip, «euronews.com» habar berdi.
Ýaponiýada görülmedik yssy dowam edýär. Resmi maglumatlara görä, iýulda ýurduň paýtagtynda gün urmasyndan 120-den gowrak adam heläk boldy. Olaryň köpüsi ýaşy 60-dan geçenlerdir. 37 müň ýaponiýala lukmançylyk kömegi gerek boldy. Geçen aý 1898-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän howany synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy aýdyr.
Düýn— sişenbede Tokioda we ýurduň günbatar böleginde yssy howa barada ilata duýduryldy. Paýtagtda howanyň temperaturasy takmynan 34 gradusa deň boldy.
Ýerli howa gulluklary awgustda yssynyň has-da güýçlenjekdigini çaklaýarlar.
Ýagdaý bilen baglylykda, ýerli ýaşaýjylara we jahankeşdelere jaýlarda galmak, ýeterlik suwuklyk içmek hem-de serginledijileri ulanmak maslahat berildi.