Ýazmak hakda birki agyz
Goşgy ýazmaga ymtylýan, ýazýan ýaş ýigitleriň biri öz deň-duşy tarapyndan geçirilen söhbetdeşligiň ýazgysyny elektron poçta salgyma ugradyp, menden şol söhbetdeşlik hakda pikirimi sorady. Menem oňa şu aşakdaky jogaby ýazdym:
“..., şunuň ýaly meselelerde maslahat bermäge meniň kän bir tejribäm ýeterlik däl. Sebäbi kärim, hünärim žurnalist bolmansoň, hiç wagtam interwýu meselesi, ony nädip guramaly, nähili soraglar bolmaly, nähili jogaplar almaly, ol interwýu haýsy auditoriýa niýetlenen bolsa şoňa ony nädip gyzykly etmeli we ş.m. zatlar bilen hiç gyzyklanmandyryn. Ýöne, soragyňy başdansowma edip, jogapsyz goýmazlyk üçin, käbir zatlaryň adamçylyk tarapyny, bolanja durmuş tejribäme, bilim derejäme, öz düşünişime görä aýdaýyn:
1. Ýazýan zatlaryň ýaşyňa görä bolsa, eger-de başarsaň öz ýaşyňdan has agras, has sypaýy, has düşünjesi giň, has pespäl… we ş.m., we ş.m. ýazdygyňça, islendik ýaşa-da gowy gelşermikä diýip çak edýän;
2. Ha şahyr, ha ýazyjy, islendik awtora-da, öz ýazanlary babatda hut özüniň, hiç bir talapkär okyjynyň, hiç bir iňirdewük (yrsarawuk) tankytçynyň başarmajak zabunlygy gerekmikä diýýän. Özüň, özüň üçin şeýlebir ýowuz «kazy» bolmaga çytraşmaly welin, hatda iň ýowuz tankytçyňam seniň öz ýazan zatlaryňa şeýle zabun çemeleşişiňe rehimi inmeli (onam eger-de başaryp bolsa...) :-(. Gurbannazar diýýär-ä: «Sen özüňden näçe närazy bolsaň, halk senden şonça-da razydyr-razy»;
3. Şöhrada, at-owazaňy emeli usulda galdyrmaga hiç haçanam ýykgyn etmeli däl, synanyşmalam däl diýip ynanýan. Sebäbi bu mesele adamy kesesinden ýaman gülkünç görkezýär. Eger-de halkyň ýüregine jüňk bolýan zady ýazsaň, şöhradyň özi seni gözläp tapar… ýazmasaňam… onda, näçe bat ber, näçe ýel ber, näçe aşagyna girip, otyrýerinden «galdyryp, hopbalap», itekle, öz-özüňi “hopçula”… barybir lagar düşen maçy eşek ýaly, şo zady ýerindenem mizedip bolmazmyka diýýän. Eger-de şeýdip onsundan-munsundan ýüp bilen daňyp, ony «ýokaryk dartyp-dikeldäýen» ýagdaýyňda-da, «pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli» bolup, şol zoraýakdan «dikeldilen» «şöhradyň maçy eşegi», özüni «aýak üstünde» saklap duran «ýüpler» üzülýänçä durar-da, soňam güwläp gapdallygyna agarmyka diýip pikir edýän. Üstesine o “gummaýrak-läş” düňderilip gaýdanda bolanja durmuşy abraýyňam astynda galdyryp “mynjyradar”;
4. Çeper döredijiligi diňe okap ýa-da diňe ýazyp ýa-da diňe kimdir birinden ders alyp öwrenip bolmaýar. Ony diňe janyň-teniňden syzdyryp, üznüksiz okap, üznüksiz ýazyp, ýazanlaryňam 90 göterimini yzsyz-tozsuz pozup, her bir özüňe gabat gelen adamy özüňe mugallym bilip, halypa bilip, ähli zady öwrenmek, seljermek üçin özüňe siňdirip, öwrenip bolýar… ýyllaryň dowamynda...olam, eger-de ahyrynda Haktagala saňa azda-kände öwrenmek, çeper «ýazmagy başarmak» nesibesini nesip etdiren bolsa… Şonuň üçin hiç haçan, hiç wagt özüňi «ýetjek derejäme ýetdim» diýip hasaplamaly dälmikä diýýän. Hemişe her bir ýazan zadyňy ile hödürläniňde, her bir ýazylan sözüňi köpüň «üns desterhanyna tagam hasaplap, äbereňde», oňa Gurbannazaryň: «näme diýerkäler, näme diýerler...» diýen howsalaly sabyrsyzlygy bilen çemeleşäýseň… onam başaryp bolsa…
Galan zatda bolsa, pikiriňem aýdybermeli, ýazybam ýörmeli, utanmalam däl, ýygrylmalam. Dogumlam daraşybermeli. Çünki Türkmen aga aýdýar-a: «Döwletli ýigit arsyz gerekdir». Şu meselede öz agyňy özüň aglamasaňam başga aglajak ýok. Onsoňam nakylda diýlişi ýaly: «Aglamadyk oglana emme ýok». Diňe bir zat, näme ýazsaňam, näme gürleseňem, gülkünç görünmekden, ýuwan görünmekden gaça durmaga dyrjaşmaly diýip pikir edýän.
Janyň sag bolsun, ...!
Işiňde, döredijiligiňde, durmuşyňda üstünlik arzuw edýän.
Bu söhbetdeşligiň bolsa mazmun taýdan ýerbe-ýer bolupdyr.
Ony has kämilleşdirmek üçin tejribeli habarçylara görkezseň, menden has gowy ýardam, maslahat bererler”.