Arslan_Alaýew
09.08.2024 01:49
İndi men kime öýlenmeli?
Hekaýa)
Nurgeldi ondokuz ýaşapdy, ol saryýagyz orta boýly gözleri ulydan gelen pökgü dodakly tegelek ýüzlü oglandy, ol Aýjeren we Güller atly iki sany gyz bilen gürleşýârdi, haýsam bolsa birini alaryn diyip oýlanýardy, Nurgeldi azan bilen oýandy, ol Güllerden gelen smsi okady, tur akylym daň atdy, diýip ýazylandy, smsi okap banýa girdi, soň öýündâkiler oýanmanka, köçâ ylgamaga gitdi, gün dogdy, ýokary galdy, yzyna geldi, ejesi jigleri oýanypdyr çaý demlâpdirler, kakasy işe gidipdir, Nurgeldi çaý başyna geçdi, soň Aýjerenden tur diyen SMS geldi, Nurgeldi özüň tur diýip yzyna ýazyp ugradyp , çaý içip otyr, ejesi kim bilen ýazyşýaň diýdi, Nurgeldi aý hiçkim diýdi, ejesi özü bir hiçkim bolsa, näme üçün yzyna ýazýaň diýdi, Nurgeldi gülüp, eje senden gep gutulasy ýokla diýdi, ejesi Nurgeldijan, saňa bir gyz tapyp goýdum, juda owadan edil biziň Sona meňzeş ady hem Sona eken, şeýlebir owadan şeýle bir owadan onuň oturuş turuşy gövnime jüňk boldy oğlum alarysmy, diýdi, Nurgeldi öýe gelse oturdup turuzup gezmerisâ başga nämesi gowy eken diýip oýun etdi, ejesi" kellesine kakyp goýberip işiň bolmasyn gör şo gyzy diýdi, Nurgeldi iki bolmasa üç boljak eken diýip içini gürledip razy boldy, Nurgeldiň köçesinde ýaşaýan bir gyz kylasdaşy bardy ady Melekdi Melek salonda işleýärdi, Nurgeldi ony edil jorasy ýaly görýärdi, iç syryny aýtýardy, degişip oň bilen elmydama dertdeşdi, Ol gyz saryja keltejik gözleri süzülüp duran owadanja geplemsek gyzdy, Nurgeldi ejesiniň aýtýan gyzy bilen görüşmäge, gitjek bolup Melegiň işleýân salonuna baryp, ýüzüni bejertdi, Melek ol wagt ýokdy, maşyn bezeglerine kömekleşýärdi, Nurgeldi salondan çykyp barýarka Meleği görüp ýanyna sowuldy, salam Menek gowmy sen diyip oýnap gürledi, Melek salam Buzgeldi näme etýâň diýdi, Nurgeldi bir täze jora tapdymlaý diyip gözüni gypdy, Melek oooo diyen äheňde agzyny hereketlendirdi, Nurgeldi ýylgyryp omzy bilen kakyp geçip gitdi, Melek özü kiçijek gyz bolansoň onuň omzynyň urgusyna bezâp duran maşynyna büdüräp ýaplanyp şeýtmesene diyip gygyryp galdy, Nurgeldi baryp maşynyny münüp, ejesiniň aýtýan kafesine baryp garaşdy, on minut geçensoň uzyn boýly süňkü daýow bir gyz assadan ýöräp gelip salam siz Nurgeldi dâlmi diýdi Nurgeldi hawa siz Sonamy diýdi, ol gyz ýok men Sona dâl Sona hana diýdi, Nurgeldi seretse bir pökgüje bugdaý reňkli ýumşak gyz ýylgyryp elini galdyryp otyr, Nurgeldi gelen gyza seredip siz oň nämesi diýdi, ol gyz men şu ýeriň işgäri diyip gidip galdy, Nurgeldi ýerinden turup, Sonaň ýanyna bardy, ol Sona seredip salam otursam bolýamy diýdi, Sona hawa diýdi, Nurgeldi onuň boýdan başyna seredip gürläp ony hem yryp gaýtdy.

Dowamy bar
20
73
Arslan_Alaýew
9 Awgust 2024
@smiling_, nesip bolsa goýaryn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.