manolya
09.08.2024 00:00
Ýapraklar

Ýapraklaryň tänişine syn edip,
Ömrüm göz öňümde janlandy ,ynha:
Ýadymda şatlykdan dörân göz ýaşlam,
Hem derdime ýeke aglaýşym pynhan .

Ýeňişlerim ,ýeňlişlerim durmuşda ,
Guwanyşym özgeleriň bagtyna ,
Hasratlarmy duýulmaýan bir burçda ,
bukum ,gorky bilen bakyp wagtyma ,
azalýan ömrümiň ähli minudyn
Ýagşylyga sarp etmegi isleýşim ,
Näçe ýalbarsa-da ýumruklap budun ,
Nebsimiň alyna her giz gitmeýşim ...

Ýene - de ýadymda ,ýaşlygma bakman ,
Öwrenenmi biljeklere öwretdim,
Gözlerme bimahal inen gazabmy ,
Dişlerimi gysa -gysa owratdym ,

Ugradyp günleriň dürli -dürlüsin,
Hepdeleriň ýumagyny çözledim ,
Gözlermi uzaga dikip dürbüsiz ,
Goldawyma mätäçleri gözledim ,

Ýananymda ylla köz bolup ýandym,
Çala öwsen şemal bilen öçmedim ,
Ýollarda mätäje duş gelen wagtym,
Elimde bar bolup bermän geçmedim,

Bilmedim ,oýlara berilip aşa,
Gör ,näçe pursady başdan geçirdim,
Käteler maňlaýym degende daşa,
Şowsuzlygmy hakydamda öçürdim.

Uçurdym asmana akja kepderi ,
Arzuwlarny ganatlarna siňdirip ,
Begendim şat eden çagym köpleri ,
Gyýyldym ,aglanyň ýaşyn diňdirip.

Şatlygymy paýlaşsam-da ir bilen ,
Gaýgylarym mydam içimde pynhan,
....Ömür daragtynyň ýapraklarynyň,
Tänişini synlap otyryn ,ynha ....

@Mukam Muhamow
18
51
manolya
9 Awgust 2024
@gokgi, 😅 bolýa
gokgi
9 Awgust 2024
@manolya, ýùzden añryk bir geçmàweri ýòne😅
manolya
9 Awgust 2024
@gokgi, 😅 minnetdar elimde praktika geçýän assa ýuwaş ýüzede geçerinda 🤦😁
gokgi
9 Awgust 2024
@manolya, ýo gowja bolupdyr, dùşùriber òkdelàrsiñ😉
manolya
9 Awgust 2024
@gokgi, hawa 🙄 ökde dälä men elimi surata düşürmäne 😅 şeýlerägä boldy
gokgi
9 Awgust 2024
@manolya, kiz suratdaky òz eliñmi🤔
manolya
9 Awgust 2024
Islam_Atayew
9 Awgust 2024
Tayler
9 Awgust 2024
👌👌👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.