https://owrenmeli.app/71345-obany-stne-kpdir-agam.html#comment
manolya
07.08.2024 22:09
Obanyň üstüne çöküpdir agşam .
Gije ogurlapdyr belendi -pesi ,
Uzakdan bir ýerden eşdilýär çala,
Uzyn -uzyn üýrýän itleriň sesi ,
Ne ogry penjiräň aýnasyn sökýär ,
Ne şemala ygşyldaýar söwütler ,
Onda neçün yzyn üzmän daňa çen ,
Beýle yhlas bilen üýrýârkä itler ?
Keýpiň âheňi ýok olaň sesinde,
Duýlanok sesinde köňlüniň şady ,
Aýralykmy ?
Geçen günden ahmyrmy .
Ýalňyzlykmy -
Ýekeligiň perýady ?
İçin dökýän ýaly biri -birine ,
Üýrüp -üýrüp öz möhleti ýetende ,
Obaň ol çetinde goýýan birisi ,
Beýleki başlaýar gaýra çetinde ,
Süýndürip- süýndürip ,
İnçeden- inçe ,
Üýrende ,sesleri ýüregňi dilýär ,
Ýöne item däl -de ,
Köňli ýaraly
Biriniň agysy bolup eşdilýâr.
Diňe daň agaryp ,
Adamlar örüp ,
Öwsende obada durmuş şemaly ,
Göwünleri biraz açylan itler ,
Misli gussalaryn gizleýän ýaly ,
Üýrmesin goýýarlar ,
Ylgarlar her ýan ,
Tozan turzup küren obaň ýolunda ,
Ne hesret ,ne gussa ýatlarna düşer ,
İşe gumra adamlaryň ýanynda .
1973.
@Gurbannazar Ezizow
23
199