PILOT👮‍♂️✈🛩
07.08.2024 14:18
Bir zada düşünýân:

şowhunly günler.
Al atymy çapyp ýören haladym.
Öñümden çykana gül ýaşlygymy.
Hormat edip, sowgat kimin paýladym.

Jomartlygym üçin "sagbolsunlara"
Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.
Ýaşlygymy gerekmejek doslara.
Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim

Öwgülerden humar bolup gijeler.
"Alyñ" diýip kişiñ gapysyn kakdym.
Ýaşlygymy gül edip jomartlyk bile.
Söýmeýanlerimiñ döşüne dakdym

Men ony boş gijelere paýladym.
Men ony
Boş güŕŕüñlere paýladym.
Ine bu gün uly döwletden galan.
Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.

Nâme üçin beýle bolýar, ilki ýalñyşyp.
Soñra ökünç bile egilip ýörüs.
Jaýymyzy çilim çekip tüsselâp.
soñra tüssâmize bgulyp ýörüs.

Ah! bu gün sâherem şeyle bir çytyk
Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün.
Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady.
Biz özümiz ýitirýâris ýaşlygy...

🤍 Dowamyna garaşyanlar üçin🤍

☝️🙂 ❤

Gurbannazar Ezizow.
10
19
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.