ilhano_va
06.08.2024 15:48
Meni oda-köze düşürip ýagýan
Damjalar penjiräñ ýüzünde uklar.
Ahwalyñy añmak islän ýüregim,
Dideleñden içki dünýäñe jyklar.

Señ dünýäñi duman gaplan ekeni,
Ýoluñda yş görmän sermenip ýörsüñ.
Umyt bilen umytsyzlyk daşyñda
Alaja deý işilip dur bir görsem.

Heserlendirse-de äwmezek durkuñ,
Duýgular ýumagyñ çolaşan eken.
Söýgüden püre-pür deñziñ çekilip,
Güller gurap,göwnüñ çölleşen eken.

Aý menekli,şonda-da ol söýgüli,
Señem maña beren gussañy söýýän.
Duýgyñ suratkeşiñ kagyza çyrşan,
Düşnüksiz şekli deý bolsa-da söý ýar!

Meñli Aşyrova
14
76
Dark
6 Awgust 2024
👍❤️
ilhano_va
6 Awgust 2024
@Karaleva_, gaty inni yns-jyns yok
ilhano_va
6 Awgust 2024
@Karaleva_, bar bol! Owrenmela birhili ičgysgynç bolupdyr😖
ilhano_va
6 Awgust 2024
@Karaleva_, hic yadawlyk dine başga tazeliga yok sizde ?
ilhano_va
6 Awgust 2024
@Karaleva_, ha hehe🤫❤️🧿. Gowy hudaya sukr gowmy senem?
ilhano_va
6 Awgust 2024
@Karaleva_, nahili?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.