flowers_
05.08.2024 22:20

Bilýäňmi nämeler üýtgedi?!
Gülşirin Hanowadan...



Bilýäňmi nämeler üýtgedi?!
Hiç zat…
Ne-hä, bagtly boldum, ne-de betbagt.
Goşgulam diňlenýär gözleri ýaşlap,
Ýene ýaşamaga tapamok wagt.

Seýpelmelek boldum, Methaljemalyň,
Yşky bilen ýüregimi dagladym.
Munda hiç kim üçin gyzyksyz halym,
Bagtly goşgy ýazyp göwün awladym.

Arz etdim Asmana, seniň adyňy,
Dileg bilen bagladym her demime.
Düýşmidi… duýanym söýgiň dadyny,
Ýa ömürmi ynamyndan kemilen?!

Goşgyňda ýüregi ezýäň diýdiler,
Senden galan peşgeş bu üýtgeşik at…
Öňkiňden has gowy ýazýaň diýdiler…
Bilýäňmi nämeler üýtgedi?!
Hiç zat…

20
115
flowers_
6 Awgust 2024
@smiling_, gowy diýseñem boljak
manolya
6 Awgust 2024
@flowers_, hoş ,hökman ))
flowers_
6 Awgust 2024
@manolya, hoş, gelip dur💜
manolya
6 Awgust 2024
@flowers_, poka ))
flowers_
6 Awgust 2024
@smiling_, hawa🧿
flowers_
6 Awgust 2024
@smiling_, kelle bolsa hiçle, ukla geçer😄
flowers_
6 Awgust 2024
@smiling_, saglykmy🙄
flowers_
6 Awgust 2024
@ATOMIC, adamlarada geregi şoda, ykdysadyýeti çökermek bar niýeti🤦‍♀️
Bitter
6 Awgust 2024
@ATOMIC, yerasty yollar eyyam bar, eğer metro we sona menzesler hasap bolsa. Uytgesik pikir eken yone yerasty yollar hemme zada yarasa samalyotlar kamillesdirilmage derek ulanysdan cykardy,yone kim bilya sen pikirinem pikirlendirya
ATOMIC
6 Awgust 2024
diňe surata setedip ýazdym goşgyny okamadym:))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.