flowers_
05.08.2024 19:39

Haýaldan gyssan.
(tymsal)

— Mugallym, näme üçin maňa kän ýumuş bereňizok, beýleki okuwçylara bolsa täze ýumuşlary yzygiderli berýäňiz? — diýip, okuwçy mugallymdan sorapdyr.
— Saňa jogap bermezden ozal, gel, ikimiz naharlanaly. — Mugallymyň bu teklibine okuwçy höwes bilen razylaşdy. — Ýöne meniň özüm seni naharlajak — diýip, mugallym sözüniň üstüne goşdy.
Okuwçy mugallymyň bu sözüni geňlese-de razylaşdy, sebäbi beýleki okuwçylara seredende mugallym özüne hormat edýändir diýip öz ýanyndan pikir etdi.
Orta saçak ýazyldy, mugallym palawdan bir çemçäni dolduryp, okuwçynyň agzyna saldy. Okuwçy tagamy bal ýaly süýji palawy işdämenlik bilen iýip, ýaňy bir nähili süýji bolan palaw diýip-diýmänkä, mugallym ýene bir çemçäni dolduryp okuwçynyň agzyna saldy. Okuwçy agzyndaky palawy doly çeýnäp ýetişmänkä, agzy ýene palawdan doldy. Näçe çalt iýjek bolsa-da, şonça-da mugallym agzyna çalt palaw saldy. Ahyry okuwçy çydaman agzy doly palaw bilen mugallyma ýüzlenip:
— Mugallym, biz bir ýere gyssanýasmy? — diýdi. — Agzymdakyny iýip ýetişmänkäm, ýene agzyma palaw salýaňyz. Özara gürrüň başynda gyssanman naharlansak bolmazmy?
— Bolýa, ýöne sen beýle bolanda halaňoga — diýip, mugallym jogap berdi.
— Men? Size aýtdymmy? Beýle diýip aýdan däldirin.
— Hawa, ýarym sagat öň aýtdyň.
— Men?
— Elbetde sen. Ýaňy sapakdan soň meniň ýanyma gelip, täze ýumuş soran sen dälmidiň? Öňki beren ýumuşlarymy özleşdirmedik ýeriňe ýene saňa täze ýumuş bersem, edil nahardan doly agza ýene nahar bermek ýaly bolýar. Kän ýumuş almaga gyssanma. Birden ählisini özleşdirip bilmersiň. Akyldarlaryň aýtmagy boýunça, haýaldan gyssan. Şonda durmuşa düşünersiň. Her bir berilýän ýumşy yhlas bilen howlukman ýerine ýetir. Durmuşy kowga öwürme. Durmuşyň tagamyny bil we ondan lezzet al.

Terjime eden Arzuw RAHMANOWA.

20
57
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.