govher_mollamuradova
05.08.2024 00:56

Adamyň ýatkeşligi barada birnäçe gyzykly maglumatlar


Ýatkeşlik – psihikanyň iň möhüm wezipeleriniň biri. Ol tejribe toplamaga, geçmişe we şu güne geçmäge mümkinçilik berýär. Newrofiziologlaryň hasaplamalaryna görä, adam beýnisi 5-den 20 petabaýta çenli maglumaty ýatda saklamaga ukyplydyr. Bu göwrümi tutuş global tora deňeşdirip bolýar. Şeýle-de bolsa, köplenç telefony nirede goýandygymyzy ýa-da öýden çykanymyzda ütügi öçürendigimizi ýatdan çykaryp bilýäris. “Synergy” uniwersiteti, beýnimiziň işlemeginiň käbir syrlaryna düşünmäge kömek etjek bu ugurdaky ajaýyp ylmy gözlegleriň sanawyny taýýarladylar:


Ýat ätiýaçlygyny köpeldip bolar. Adamyň ýatkeşligi 25 ýaşa çenli ösmegini dowam edýär. Orta hasap bilen, mümkinçilikleriniň iň ýokary derejesi 19–20 ýaş aralygynda ýüze çykýar we beýni 50 ýaşdan soň gowşap başlaýar.


Suratlar ýatdan has çalt çykýar. Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary surata düşürilen zatlaryň ýatdan has çalt çykýandygyny subut etdiler. Hakykatdan hem, belli bir zady surata düşürenimizde beýnimiz surata düşýän zadymyza däl-de, surata düşürmek bilen bagly hereketlerde jemlenýär.


Ýaramaz ýatlamalar has çalt ýitýär. Ýatdan çykarmak – ýadyň esasy wezipeleriniň biridir. Gereksiz maglumatlary pozmaga we nerw ulgamyna çakdanaşa agram düşmeginden goramaga kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, beýni iň ýakymly we islenilýän pursatlary ýatda saklap, ýaramaz täsirleri has çalt ýatdan çykarýar.


Dürli iýmitlerdäki B, C, E witaminleri we ýag turşylyklary ýatkeşligi gowulandyrmaga ýardam berýär. Beýnide ýat tutmak prosesine jogapkär neýronlar bar. Sagdyn minerallara baý iýmit beýniniň gowy işlemegine we onuň ýatda saklamak ukybyna kömek edýär.


Günüň dowamynda gysga wagt aralygyň dowamynda uklap turmak täze maglumatlary ýatda saklamaga kömek edýär. Uzak wagtlap synaglara taýynlanýan bolsaňyz we köp mukdarda maglumatlary ýatda saklamak isleseňiz, hünärmenler gysga wagt aralygyň dowamynda uklap turmaga maslahat berýärler.


Ýatkeşlik arassa howada has gowy işleýär. Açyk meýdanda geçirilen bir sagat hatda ýady we ünsi 20 göterim ýokarlandyrýar.


Çepbekeýleriň ýady has gowy. Dünýä ilatynyň diňe 10 göterimi çepbekeýdir we alymlar adamlaryň bu az böleginiň maglumatlary saglakaýlar bilen deňeşdirilende has gowy ýatlaýandygyny subut etdiler.

17
232
ilhano_va
5 Awgust 2024
@tim_, Sagbol seňkem. . .
ilhano_va
5 Awgust 2024
@tim_, hehe ahyry dûşündiň🏳️
ilhano_va
5 Awgust 2024
@tim_, kim öýkeleden bolsa ýazmaly!! Hemme zady men ôwretmelida🤦🏻‍♀️
ilhano_va
5 Awgust 2024
@tim_, oz ozundena ýazylmaya😖
ilhano_va
5 Awgust 2024
@ilhano_va, düşûnmedim?
ilhano_va
5 Awgust 2024
@tim_, birazjyk oýkelenildi!!
ilhano_va
5 Awgust 2024
@tim_, bolya bolya
ilhano_va
5 Awgust 2024
@tim_, wii innem bey diyya nesibe diyen bolya. Bolya bor bor hokmanam dalle soramak biz owrenşdiga soranmazlyga inni batanokla soramasaňam😒
ilhano_va
5 Awgust 2024
@tim_, gôreli bakaly! Okuw baslady başagay way okayan men diyyanlerden bolmasan bolya okamasanam😁😁😁
ilhano_va
5 Awgust 2024
@tim_, bolya. Howwa ikinjisi gelermika😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.