awadan
04.08.2024 19:50
Muña ykbal diýerler - Hekaýa 1- nji bolumi
Şäheriñ merkezindäki et dükanynyñ içi hümerlenişikdi. Şeýle-de bolsa, galmagal-gowur ýokdy, her kim nobatyna alyp durdy. Hortañ, ýañaklary içine çöküşen satyjynyñ mañlaýyndan düwmelenip-düwmelenip der akýardy. Daşyndan göräýmäge ol şunça märekä hyzmat edýänligine monça ýalydy. Et satyjysyna alyjylary razy etmek ýeñil-ýelpaý işem däl-ä.
Nobaty golaýlan orta boýly, etleki adam: "Şeýtana sapak beren bi. Eti gapana gatyrak oklaýar, tereziniñ "diljagazy" belli bir sana barmanka aýyrýar. Şeýdibem, ýüz elli gram kem berýä" diýip, satyjy barada oýlanýar. Adamlar muny bilmeýärlermikä ýa-da "ownukçyllyk" etmeýärlermikä?
Hawa, Didar aga obada magazinçidi. Zähmet rugsadyny alypdy-da, şäherde täze jaýa giren oglunyñka gezmäge gaýdypdy. Ýöne onuñ oba adamlarynyñ bir köpügini çileni ýadyna düşenok. Ýogsam, obalylar juda sada ahyyry.
Ynha, onuñ öñünde iki adam dur. Birden ol satyjynyñ gözlerine siñe-siñe seretdi. Ýüreginiñ urşu artan ýaly boldy. Dur-la, ol bi melguny bir ýerde görüpdi. Nirede? Aý, onsoñam, dünýäde meñzeş adam gytmy?
- Sakgaldaş, näçe kilo çekeýin?
Didar aga erbet düýş görüp, hopugyp ukudan oýanan ýaly, tisginjiredi: "Sesem-ä, tanyş munuñ. Be-e, şolmukanaýt".
- Öýüñde uklasañ, ýagşy bolardy, sakgaldaş.Satyjynyñ içýakgyç ýylgyrmasy Didar aganyñ añyrsyny bäri getirdi:
- Bir ýüz elli gramy kem, üç kilo çek.
Satyjynyñ ýylgyrmasy şo bada sumat boldy, ýöne ýüzi gyzmady. Didar aga eti aldy-da, gyradaky köneje otyrgyçda ýerleşip, satyja ser salmagyny dowam etdirdi. Onuñ göz öñünde uruş wakalary janlandy. Sowet Goşunynyñ bölümleri yza çekilýärdiler. Daş-töweregiñ oýmur-oýmur çukur bolup, howadan däriniñ ysy ajymtyk gelýärdi. Esger Didar Berdiýew tümmegiñ ýanyndan geçiberjek bolanda iññildi eşitdi. Ol awtomatyny berk gysymlap, sakga durdy.
- Kö-mek ediñ!..
Didar ýaraly esgeriñ ýanyna baryp, mañlaýyna gan saçalanan kellesini galdyrdy:
- Dost jan, suw bersene.
Esger onuñ goşaryndan tutup, mytarasyndakyny boşadañkyrlady. Her hal, Didar suw gabyny çekio aýyrdy. Gyssanmak gerek, yzda nemes tanklarynyñ sesi eşidilýär.
Didar ýaralyny arkasyna alyp, öñe ugrady. Öñýanjagazyndaky tokaýa ýetmeli. Rus tokaýy... Halasgär ol. Didar tokaýa girenden soñam, tä ysgyny gaçýança gidip, çemeli ýer peýläp otyrdy. Demini dürsedi: "Biziñkiler eýýäm arany açdy. Zyýany ýok, men bir esgeri ölümden halas etdim". Ol bu esgeriñ snarýad ýarylanda señseläp, kellesinden ýaralanandygyny anyklady. Kellesini sarady. Biraz gurbatlansa, özem ýöräp biljek.
Goşhaltasynda galan ýekeje konserwini açyp, gatan döwüm çöregini ortada goýdy. Ýaraly ilki işdäsiz tamşandy. Didar iýdirmek üçin, ony gyssady:
- Çalt iý, dost jan, bu taýy öýümiz däl.
Bu täsir etdimi ýa işdäsi açyldymy halas edeni basym göwünjeñ iýip başlady, onsoñ Didar çekildi.
- Näme iýmediñ?
- Men dok.
Elbetde, Didar ortadakylary lak-luk atsa-da, doýjak däldi. Ol ysgyny gaçan ýoldaşyny gurbatlandyrmak isleýärdi.
- Adyñ kim?
- Hudaýguly.
Olar elleşdiler.
- Suw galmadymy?
- Az-kem bar.
9
49
ayymsha
4 Awgust 2024
@mandarin, Hawa ozem gyzykly
mandarin
4 Awgust 2024
Serial baslady😎🍿🍹
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.