ilhano_va
04.08.2024 13:51
Ýene agyr degýär tapyp yitirmek,
Bu zatlaryň düýşdügini nä biljek.
Heý bolmasa oýanjakmy diýsene,
Şol bar ýerde gaflatda-da säginjek.

Uzakyly gün güňe dönüp gezilýär,
Aňlap ýene şol zatlaryň düýşdigin.
Şonsuz täleýimden gidesim gelýär,
Bilsem-de wah, çykmaz ýola düşdügim.

Mertligiň çäginden geçip bir pursat,
Möňňürip-möňňürip aglasym gelýär.
Ýatlamalaň alawyna kalbymy,
Ýaksam-da çoýunyp çaglasym gelýär.

Külüň sowrup ýatlajagmy bilsem-de,
Gaharyma hyýalymdan ýakýaryn.
Ukysyz gözlerme erkim ýöredip,
Ýene keşbiň görmek üçin ýatýaryn...

Çytyk gaşlam biraz gowşaşan bolsa,
Soluk ýüzüm oňküden has nurlansa.
Buýra saçlyň dergähinde şo mahal,
Bulaşyk ykbalym biraz durlansa.

Bolmajak arzuwyň wysal wagtynda,
Reňksiz ömrüm gül keşbine boýalman.
Men özüm bu düýşden oýanman asla,
Haýyş edýän sizem meni oýarmaň.

Ahmet Arazow
14
79
ilhano_va
5 Awgust 2024
@tim_, hehe bilemokda:)
ilhano_va
4 Awgust 2024
@zumerret_, minnetdar💜
ilhano_va
4 Awgust 2024
@Adyl_G, Salam yokla nomerimi uytgedemson girip bilmedim
Adyl_G
4 Awgust 2024
Salam
Adyl_G
4 Awgust 2024
Men pikir etdim yokary dereja yetdim, indi hemme zat tazeden baslajak diyensin dp. ( Taze nikin gorup )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.