garlawac
04.08.2024 02:13

Golaý gelme penjirämiň öňüne,
Basgylama gök otlaryň üstüni.
Men seni söýüpdim, söýüpdim öňler,
Rahatlan, aglama, söýemok seni.

Janu-tenden ýaman gynanýan saňa,
Ýöne sen oýun etme gözellik bilen.
Neçün rahatlyk bereňok maňa,
Hem neçün özüňi horlaýarsyň sen?

Barybir men seňki bolup bilmerin,
Häzir men hiç kimi söýemok, eziz!
Söýmesem-de, gyýylýaryn halyňa,
Aýryl penjirämiň öňünden, eý, gyz!

Akmaklykdan söýen ekenim seni,
Ýatdan çykar, seretmän geç deňimden.
Söýmesem-de, gyýylýaryn halyňa,
Aýryl, aý, gyz, penjirämiň öňünden.

© Sergeý ÝESESIN

Terjime: © Atamyrat ATABAÝEW
14
73
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.