awadan
01.08.2024 17:10
Futbolist gyz (bolan waka) 2- nji bölümi
Ataş daňa golaý irkildi.
Ol natanyş futbolis gyz bilen düýşinde gürleşdi, ýöne uzak däldi.
Onyň ejesi :-daň atdy mallaryň ot suwyna seret diýip oýardy
Ataş tarsyldap ukudan açyldy we şakur şukur mallara ot suwyn berdide, dostyna jaň etdi
— Kakow gideli
- nirä how daň bilen
- suwa düşmäge, sport toplyma
- ahow daňdan sagat 7.00 - de-de suw borma
- hawa bolar, sen düşmeseň seretde otyr, ýöne menä düşjek
- şu gezegä terslikgän aýtdyň öýtýän, men suwa düşmeli,sen oňa seretmeli, o gyz seretmese men ýene senden ýaglyja şappat iýmelimi
- oýun etmesene, gideli
- bor, aşyk ýigit
— garaşýan onda, çalt gel
- bolýa
Ataş Kakow bilen sport toplyma baranda heniz ol gyz gelmändir eken
Olar gyzyň gelýän ýolyny saklap oňa garaşdylar
Futbalis gyz köp garaşdyrmady
Ataş ony görenden
— salam bedenterbiýe mollym diýdi
- salam, diýdide gyz onyň gapdalyndan geçip gitdi
—agyz tanyş bolmarysmy, seniň owadan gözleň bar, sesiňem owadanja, öziňem, hatda ylgaýşyňam,duranjabir janada
- minnetdar welin indi ýeke söz gepleseňiz öziňizi otyň üstunde göraýgyn
- sen ýaly gyzyň eliňdenjik taýak iýmek hem bagtdyr bilseň bedenterbiýe mollymjyk
— ufff bolmady diýdide gyz öwürlip Ataşyň çiginden tutdy
Ataş:
- Agyz oýun etdim, diýip diýmäňkä, ýazylyp ýatan otyň üstüne gütüläp düşdi
- Ýene ýeke gezek bir zat diýäýseň, 32 -i dişiň aladasyn edipjik stamotolog lukmanyň aladasyn edibergin! - diýdide gyz öz ýoly bilen ýöredi
Ataş otyň üstunde gapdal gaplanyp gyzyň yzyndan- elhepus Harmandäli bolaý"- diýip seredip galdy
Kakow ylgap geldi
— ha ha ha, dost bir gyzdan ýeňilip turyp bilman otyryňma
Ataş nägilelik bilen
- hawa
Kakow ýene dostyda ýüregi dözmedi
- dost bir zat aýdaýyn, bu gyzy unut, sähel gahary geläýse seni futbol pökgüsine öwürer, başga gyz gyt däldira
at naçe sarç boldygyja basym baş öwredip bolýandyr, onjaklysyn göräýeris, dost
- onda gideli
- ýok gitmeris
- onda nirä
- ýör hany, ojagaz bedenterbiýe mollymjygyň ýanyna diýdide, gyzyň ýanyna ýöredi
Sport eşigin geýnip çykan gyz, iki oglanyň öz ýanyna ýetip gelýanin gördüde sesin çykarman geçjek boldy welin
Ataş
- Bedenterbiýe mollym biz ýene gabatlaşdyk ýöne bu gezek 1:1 bolar diýdide ,gyzyň bilinden tutyp göterdide göni 4-5 metr beýlerakde duran basseýina oklap göýberdi we
- daşyna çykaňda, men sport toplymynyň daşynda garaşjakdyryn diýdi
Gyz:
- terbiýesiz, sen dälirediňmi!? - diýip suwyň içinden gygyrdy
- hawa däliredim, saňa bolan söýgüden däliredim, söýgüme jogap bermeseň boljagyň şudyr
- men, sen ýaly kelesaňa bolýa diýmena, ýok bolsana,diýip gygyryp galdy
Ataş bolsa daşarda garaşýan diýip ,sport toplymynyň daş ýüzüne ýöredi
Gyz basseýinden çykyp, eşiklerin çalşyryp, eline futbol pökgüsin alyp Ataşyň ýanyna ,ýöredi
Gyzyň ýüreginde ar alyş hužuwy ýer alypdy we ol Ataşdan aryny almasa ynjalmajagy çyndy
Gyz futbol pökgüsin eline alyp daş çykany hem şoldy welin,işdeşi gabat gelip az kem saklanmaly boldy
Işdeşi bilen gümmür ýamyr edişip ,onyň bilen sport toplumynyň içine ýöremeli boldy we elindaki futbol pökgüsin Ataşa gabatlap bir depip göýberdi welin pökgi göni Ataşyň kellesine degdi we ýere ýazyldy.
Gyz Ataşyň dostyna
- dostuň özine gelende pökgüni sport zala eltip gaýsyn diýdi- de işdeşi bilen ýörap gaýtdy
Kakow
14
49
ayymsha
3 Awgust 2024
😂😂😂😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.